Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň birnäçe orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýakalaşyk boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenabat şäheriniň birnäçe orta mekdebiniň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda ýakalaşyk boldy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň sözlerine görä, 8-nji noýabrda ýakalaşyga azyndan dört sany orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşypdyr.

"Otuz adam töweregi uly klas okuwçylarynyň gatnaşmagyndaky bu uruş Türkmenabadyň birnäçe mekdebiniň ýaşlarynyň arasynda boldy. №3, 24 we 26-njy mekdepleriniň okuwçylary 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň üstüne barypdyr. Olaryň şol mekdebiň gapdalyndaky gurluşykçylar köçesinde sözi azaşyp, olar ýakalaşyga girişipdir" diýip, habarçymyz şaýatlara salgylanyp aýdýar.

Onuň sözlerine görä, agşama golaý ýüze çykan bu ýagdaýa şaýat bolan ýaşaýjylar polisiýa habar ýetiripdir we ýakalaşyk gyzyşmanka onuň öňi alnyp, okuwçylaryň hiç birine agyr şikes ýetmändir. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri 5-nji mekdebiň 3-4 sany okuwçysyny saklapdyr we soň goýberipdir.

Azatlyk Radiosynyň türkmenabatly söhbetdeşleriniň sözlerine görä, şäher ýaşlarynyň arasynda uruş-dawalar ýygy-ýygydan döreýär.

"Beýle toparma-topar uruşlar soňky wagtlarda Türkmenabadyň okuwçylarynyň arasynda däbe öwrülip barýar, sähel bir zat bolsa mekdep okuwçylary öz toparyny toplap uruşmagyň ugruna çykýarlar" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gepleşen mekdep mugallymy aýdýar.

Özara dawalarda okuwçylaryň biri-birine agyr şikes ýetirýän halatlary hem bolýar.

"Urşuň gyzgalaňynda kim pyçaklanýar, kim bir ýerini döwdürip, hassahana düşýär" diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Habarçymyzyň bellemegine görä, ýakalaşyklar zerarly okuwçylara şikes ýetmeginden daşary bu ýagdaý olaryň geljegine hem erbet täsir ýetirýär.

"Hassahana düşenlerinden soňra okuwçylar polisiýanyň ýaşlar we ýetginjekler bilen işleýän bölüminiň göz astyna düşýärler we ene-atalar, şeýle-de mugallymlar üçin goşmaça alada bolýarlar" diýip, türkmenabatly mekdep mugallymy aýtdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenabat şäherinde 8-nji noýabrda bolan ýakalaşygyň ertesi 5-nji mekdepde 4-11 klas okuwçylarynyň ene-atalary bilen ýygnak geçirilipdir.

"Dawalaryň sebäpleri barada gürrüň edildi we mugallymlaryň okuwdan soňra okuwçylara gözegçilik edip bilmeýändigi aýdylyp, ene-atalara hüşgär bolmak we çagalarynyň terbiýesini ünsden düşürmezlik tabşyryldy" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýygnakda okuwçylaryň uruşmagyna sebäp bolýan esasy meseleleriň arasynda ýaşlaryň arasyndaky söýgili gatnaşyklar agzalyp, ene-atalardan ýaş gyzlaryň terbiýesine ünsi artdyrmak talap edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyny sözlerine görä, soňky döwürde Türkmenabadyň häkimiýetleri mekdep okuwçylarynyň özüni alyp baryşyna berk gözegçilik edýärler. Şäheriň köçelerinde polisiýanyň awtoulaglary aýlanýar, polisiýa işgärleriniň ýaşlary kowalap ýören pursatlary göze ilýär. Kanun goraýjy edaralarynyň we häkimligiň wekilleri ýokary klas okuwçylary bilen wagtal-wagtal ýygnaklar geçirýärler we ýaşlaryň terbiýesi, olaryň jenaýatçylyga baş goşmazlygy barada çykyş edýärler.

Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary regionda mekdepde okaýan ýetginjek gyzlaryň ten satmak bilen meşgullanmagy, zorlanmagy we ir durmuşa çykarylmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini habar beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaşlaryň ahlagyna gözegçilik etmek boýunça şu ýyl amala aşyran resmi çäreleriniň arasynda telewideniýede pornografik, şeýle-de “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlary efire bermegi gadagan etdi. Mekdep okuwçylarynyň el telefonlary wagtal-wagtal zor bilen barlanyp, olaryň içinde pornografiýa mazmunly wideo-suratlar gözlenýär. Mundanam başga, gyz okuwçylary ginekologiýa barlagyndan geçirilýär.

XS
SM
MD
LG