Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda bolan türme gozgalaňynda ‘azyndan 50 tussag öldi’


Hojantda ýerleşýän türme.
Hojantda ýerleşýän türme.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri öten hepde Tajigistanda bir türmeden bolan gozgalaňda ozal aýdylyşynyň iki essesi, ýagny azyndan 50 tussagyň ölendigini aýdýarlýar. Hökmetiň bolsa bu barada beren maglumaty ýok diýerlik.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmazlygyny soran bir döwlet işgäri 7-nji noýabrda bolan gozgalaňda öldürildi diýilýän azyndan 50 tussagyň sanawyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görkezdi

Ýöne 12-nji noýabrda sanawy gören habarça sanawdan surat almaga rugsat edilmedi.

Ozal hökümete we hukuk goraýjy organlara ýakyn çeşmeler ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hujand şäherinde bir türmede ýüze çykan bulagaýlykda azyndan 24 adamyň, şol sanda iki sany türme işgäriniň hem öldürilendigini aýdypdylar.

Öldürilen tussaglaryň ýakynlarynyň käbiri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde merhumlaryň ýapyk tabytlarda, polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň gözegçiliginde, yslam dininiň dessurlaryna eýerilmän, jaýlanandyklaryny aýtdylar.

“Yslam döwleti” atly ekstremistik topar bir “esgeriniň” türme sakçylarynyň birine hüjüm edendigini, bulagaýlygyň hem şondan soňra turandygyny aýdyp, gozgalaňyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

9-njy noýabrda döwlet bilen ilteşikli çeşmeleriň atlarynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bulagaýlygyň aňyrsynda duranlar “Yslam döwletini” goldamakda güman edililip, dini ekstremizm we terrorizim boýunça iş kesilen adamlar.

Wakanyň üstünden alty güne golaý wagt geçendigine garamazdan, Täjik hökümeti tarapyndan berlen resmi beýanat ýok.

Paýtagt Duşenbäniň takmynan 300 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Hujandyň ýerli dolandyryşy gozgalaňyň bolandygyny tassyklasa-da, başga maglumat bermekden saklandy.

3/3 nomerli terbiýeleýiş tussaghanasynda köplenç terrorizm, ekstremizm we beýleki agyr jenaýatlarda iş kesilen tussaglar saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, bu ýerdäki tussaglaryň köpüsi täjik hökümetiniň ekstremistik diýip gadagan eden “Yslam döwleti” we “Hizb ut-Tahrir” ýaly toparlara agzalykda ýa şolar ýaly beýleki toparlar bilen ilteşikde iş kesilen adamlar.

Garyp, esasan musulmanlardan durýan 8 million ilatly öňki sowet respublikasynda awtoritar prezident Emomali Rahmonyň hökümeti dine berk kontrollyk edip, yslamyň diňe tassyklanan formasyna rugsat ediýär.

Hökümet "Yslam döwletiniň" tarapynda uruşmak üçin azynda müň täjigiň Siriýa ýa Yraga gidendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG