Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar milli metbugata guramaçylykly ýazyldy


Türkmenistanyň döwlet neşir önümleri (arhiw suraty)

Türkmenistanyň ilaty guramaçylykly häsiýetde milli metbugata ýazylýar. 2019-njy ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazuwynyň häzirki tapgyry 25-nji noýabrda tamamlanýar.

Türkmenistanyň metbugat neşirlerine abuna ýazylmak býujet işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary üçin hökmany hasaplanylýar we döwlet edara-kärhanalary we ýokary okuw jaýlary tarapyndan guramaçylykly amala aşyrylýar, munuň üçin maddy serişdeler işgärleriň aýlyklaryndan we studentleriň stipendiýalaryndan tutulýar. Türkmenistanda bu hasaplaşyk usuly geçen ýylyň aýagynda girizilipdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan abunaçylaryň sözlerine görä, olar özleriniň haýsy gazet-žurnallara ýazylandygyny we munuň üçin özlerinden alynýan puluň möçberi barada öňünden habarly edilmeýärler we tutulan puluň mukdaryny diňe aýlyklaryny alansoň bilip galýarlar.

Adatça her bir abunaçy ýurtda çap bolýan merkezi gazete we birnäçe pudak neşirlerine ýazylmaga borçly. Türkmen dilindäki Türkmenistan gazeti ýa-da ors dilindäki "Neýtralnyý Turkmenistan" gazeti, şeýle-de paýtagtlylar üçin Aşgabat gazeti we welaýat ýaşaýjylary üçin merkezi regional gazeti hökmany hasaplanylýar.

Mundan daşary her bir pudagyň işgärleri üçin hökmany hasaplanylýan neşirleriň sanawy bar. Hususan-da, bilim pudagynyň işgäri "Bilim" žurnalyna, "Mugallymlar gazetine", "Türkmen dili" gazetine we "Güneş" žurnalyna ýazylmaly. Bu neşirleriň ýarym ýyllyk umumy bahasy 106 manada durýar.

Umuman tutuş ýurt boýunça döwlet işgärleriniň abuna ýazylmagy üçin göz öňünde tutulýan çykdajylarynyň möçberi adam başyna 80-130 manat aralygynda kesgitlenýär.

​Tutuş ýurt boýunça abuna nyrhy iň gymmat neşir Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň "Rysgal" gazetidir. Onuň bahasy ýarym ýyl üçin 45 manada durýar.

Şol bir wagtyň özünde-de milli metbugata öňünden ýazylmak işi gazet-žurnallaryň wagtynda gowşuryljagyny kepil geçmeýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, düzgüne görä, paýtagtda metbugatyň hepdede alty gezek gowşurylmagynyň göz öňünde tutulýandygyna garamazdan, neşirler hepdede üç gezekden köp gelmeýär.

Häzirki wagtda ýurtda 29 gazet we 34 sany žurnal çapdan çykýar. Olaryň esasy mazmuny döwlet propagandasyna we ösüşleriň wagyz edilmegine gönükdirilýär.

Döwlet metbugaty
Döwlet metbugaty

Sanynyň köplügi boýunça "Türkmenistan" gazeti birinji ýerde durýar, onuň gündeki tiražy 59 müňden geçýär. "Neýtralnyý Turkmenistan" gazeti 38 ýarym müňde gowrak san bilen çapdan çykýar.

Gazet žurnallaryň uly bölegini suratlar, ilkinji nobatda-da prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratlary tutýar.

Türkmenistanyň milli metbugatynyň ýyllar boýy diňe üstünlikler barada habar berip gelýändigine garamazdan, prezident Berdimuhamedow milli medianyň işiniň hiline ençeme gezek nägilelik bildiripdi we öz syýasatynyň üstünlikleri barada ýeterlik derejede habar berilmeýändigini aýdyp tankyt edipdi.

Häzirki wagtda ýurda ykdysady kynçylyklar dowam edip, ilatyň un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe türkmen ýolbaşçylary metbugatdan üstünlikler barada habar bermek talabyny dowam etdirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG