Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý Türkmenistanda 7 milliard dollarlyk inwestision proýektleri amala aşyrýar


Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy, 15-nji dekabr, 2009

Hytaýyň Türkmenistandaky maýa goýum proýektleriniň bahasynyň möçberi 7 milliard dollara barabar diýip, Hytaýyň CNPC döwlet kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Wang Zhonçaýyň Aşgabatda geçirilen Halkara nebit-gaz konferensiýasynda 20-nji noýabrda aýadandygyny Trend agentligi habar berýär.

Maglumata görä, Zhonçai öz ýurdunyň import edýän türkmen gazynyň möçberiniň 2018-njy ýylyň aýagynda 35 milliard kubometre ýetjekdigini we munuň Hytaýyň ykdysadyýeti üçin zerur ýangyjyň 10% emele getirýändigini belläpdir.

CNPC kompaniýasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” we “Galkynyş” gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşýar. Proýektler türkmen gazynyň Hytaýa akdyrylmagyna degişli.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň şu günki güne çenli gurlup, ulanylýan üç turbasy ýylda 40 milliard kubometr gazy akdyrýar.

“Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisiniň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçýän dördünji “D” liniýasyny gurmak hakyndaky ylalaşyga 2013-nji ýylda gol çekilipdi we bu uguryň ýylda goşmaça 25 kubometr gazy akdyrmaga ukyply boljagy bellenipdi diýip, Trend neşri habar berýär we türkmen gazynyň Hytaýa eksportynyň möçberiniň 2021-nji ýylda 65 milliard kubometre ýetmeginiň planlaşdyrylýandygyny belleýär.

"Türkmenistan-Hytaý" gaz geçirijisiniň Täjigistanyň üstünden geçýän böleginiň düýbi 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda tutulypdy, gurluşygy bolsa 2018-nji başynda başlandy. Gaz geçirijiniň Täjigistanyň üstünden geçýän böleginiň bahasy 3.2 milliard dollar derejesinde görkezildi.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG