Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Käbir ýaşaýjylar 'güzeran aýlamak üçin' köne harytlaryny satuwa çykaryp başlady


Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny satuwa çykaryp başlady. TAH-yň suraty
Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny satuwa çykaryp başlady. TAH-yň suraty

Türkmenabadyň merkezinde ýerleşýän “Gök bazaryň” golaýynda käbir ýaşaýjylar gün-güzeran aýlamak üçin, ulanylan köne harytlary satyp başlady. Bu barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) neşiri 22-nji noýabrda maglumat çap etdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, maliýe ýetmezçiliginden ejir çekýän hojalyklar, esasy bazaryň gabadynda dörän “jygyllykda”, güzeran aýlamak üçin köne harytlary arzan bahadan satuwa çykarýar.

90-njy ýyllaryň başlarynda, haçan-da ruslar we beýleki milletlerden bolan adamlar ýurtdan köpçülikleýin göçüp gidenlerinde özleriniň gerekmejek harytlaryndan dynmak üçin, hem-de gitmezden ozal biraz pul gazanmak üçin, gürrüňi edilýän bazarda öý-goşlaryny we beýlekilerini satuwa çykarardy.

Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty
Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty

Soňra ilatyň köpçülikleýin göçmek prosesi köşeşenden soň, bu bazarlarda iýmit önümleriniň lomaý söwdasy bilen meşgullanýan söwdegärler peýda boldy.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ol ýerde lomaý söwda bilen meşgullanýanlar bu günki günde-de bar, ýöne indi olaryň gapdalyna köne harytlary satýan ýa-da bolmasa özlerine degişli ulanylan zatlary satuwa çykarýan ýaşaýjylar hem goşulyp başlady.

“Olar öz goşlaryny başga ýurda göçüp barýandyklary sebäpli satmaýarlar, eýsem, “bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasynda” oňňut etmäge ýagdaýlary bolmansoň satýarlar” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty ýazýar.

Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty
Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty

Ilatyň satuwa çykarýan ulanylan harytlarynyň arasynda aýakgap, gyş eşikleri, aýallar üçin köýnekler, öý goşlary, halylar, gap-gaçlar, tarelkalar, agaç we alýumin çemçeler, ulanylan elektron enjamlary, mobil telefonlar olaryň batareýalary we beýlekiler satylýar. Olaryň nyrhlary harytlaryň täzesiniň bahasyndan birnäçe esse arzan satylýar.

“Satyjylaryň köpüsi şäherli, ýöne alyjylar köplenç etraplaryň ýaşaýjylary” diýip, neşir Rustam atly satyjynyň sözlerini getirýär.

“Bu günler hemmeler üçin durmuş agyr. Obalaryň ýaşaýjylarynyň täze egin-eşik satyn almaga gurby çatmansoň, gyşyň öňýany, olar penjekleri we ýyly eşikleri satyn almak üçin bize gelýärler” diýip, bazaryň satyjysy Rustam gürrüňe dowam edýär.

Makalanyň awtory bilen gürrüňdeş bolan başga bir satyjy agtygynyň saglygyny bejertmek üçin bergä batypdyr. Onuň sözlerine görä, özlerine zerur bolan dermanyň bir gutusy 400 manada durýar, bejergi üçin jemi 2 müň manat pul karz almaga mejbur bolýarlar.

Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty
Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary köne harytlaryny bazara çykaryp başlady. TAH-yň suraty

Çaga aýaga galýar, ýöne maşgala alan karzyny yzyna tölemekde kynçylyk çekýär. Şeýlelik bilen olar özlerine degişli köne harytlary satuwa çykarmagy kararlaşdyrýar:

“Gap-gaçlar, çanaklar, tabaklar bireýýäm satylypdyr. Ilki öý bikesiniň gyzynyň galyňyna ýygnan matalaryny we köýneklerini satmazlygy kararlaşdyrýarlar. Öýüň gelni pul gazanmak üçin noýabryň başynda üç tapgyr pagta ýygyma çykýar. Ýöne şonda-da bergiden çykyp bilmeýärler. Şeýdibem gyzyň galyňyna degişli käbir mata-köýnegi hem satmaly bolýarlar” diýip, makalanyň awtory ýazýar.

Döwlet emeldarlary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary boýun almaýar.

Döwlet mediasynda tas günuzyn “bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasynyň eşretli durmuşy” hakda aýdym-sazlar ýaňlandyrylýar, efirde çykyş edýän adamlar “bagtyýar durmuşy peşgeş berenlere alkyş okaýar”

XS
SM
MD
LG