Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz ilçihanasyny açar. WIDEO


Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz ilçihanasyny açar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:52 0:00

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş wekili Federika Mogherini, Brussel, 23-nji noýabr, 2018

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz ilçihanasyny açar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş wekili Federika Mogherini 23-nji noýabrda Brusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen geçirilen maslahatynda aýtdy.

“Şu gün men Ýewropa Bileleşiginiň häzire çenli Merkezi Aziýada doly derejeli wekilhanasy bolmadyk ýeke-täk ýurdunda - Türkmenistanda öz wekilhanamyzy açmak kararyna geldim. Şeýlelikde biz indiki ýylda öz ilçihanamyzy açarys”, diýip Federika Mogherini aýtdy.

Federika Mogerini bu kararynyň Türkmenistan tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen aragatnaşyga görkezilýän “anyk we pozitiw” isleglere jogap bolup durýandygyny belläp, ýurda reformalar hem özgerişlikler prosesleri boýunça ynamdar partnýor hökmünde seredýändigini aýtdy.

"Şeýle-de, bu Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen howpsuzlyk meselelerinden başlap energiýa we adam hukuklary ugurlardaky gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin strategiki bähbitleriniň bardygyny görkezýär", diýip Federika Mogherini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen 23-nji noýabrda Brusselde geçirilen maslahatyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem gatnaşdy.

Ýaňy-ýakynda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan özara energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmek meselesini ara alyp maslahat etdiler. 11-12-nji oktýabrda Brussele baran türkmen delegasiýasy Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wise-prezidenti Maroş Şewçowiç bilen duşuşdy.

ÝB we Türkmenistan türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň mümkinçilikleri barada 2011-nji ýyldan bäri gepleşik geçirýärler.

Teswirleri gör (4)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG