Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýag gytçylygyna uçran Türkmenistan indiki ýyl günebakar ekmek kararyna geldi


Ukraina. Krym topraklarynda gögeren günebakarlar.
Ukraina. Krym topraklarynda gögeren günebakarlar.

Türkmenistan geljek ýyl günebakar ekilýän ýerleri 5000 gektar giňeltmegi planlaşdyrýar, bu barada Ministrler kabinetiniň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde, günebakar ekilýän ýerleriň ozal näçe gektar bolandygy anyklaşdyrylmazdan habar berildi.

Bu habar ýurtda dowam edýän azyk gytçylygynyň, hususan-da ýag, un, çörek ýaly gündelik ulanylýan önümleriň, şol sanda mal iýmleriniň barha gytalýan we maldarlaryň mallarynyň gyşdan sag-aman çykmagyny uly alada edýän wagtyna gabat geldi.

Wise-premýer Çary Gylyjowyň hökümet maslahatynda aýdan sözlerine görä, häzirki günlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň kuwwatyny artdyrmak tagallasy edilýär.

Hususan-da ol ýurt bazarlarynda “azyk bolçulygyny artdyrmak” barada durup geçdi.

Mälim bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan ýurtda azyk bolçulygyny döretmegi, şonuň bilen bir wagtda import harytlaryň öwezini doldurýan, daşary ýurtlara eksport edip boljak harytlaryň önümçiligini artdyrmagy yzygiderli talap edýär.

Emma muňa garamazdan, esasy azyk önümleriniň gytalmagy we gymmatlamagy bilen baglylykda, ýurduň bazarlaryndaky azyk, hususan-da ýag nobatlary azalmaýar.

Şu aralykda häkimiýetleriň Aşgabat aeroportundan daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň ýanyndaky çörek, gowurdak ýaly azyk önümlerini hem alyp galýandygy, ýurtdan azyk önümlerini çykarmaga dilden çäklendirme girizilendigi habar berilýär.

Wise-premýer Gylyjow bu ýagdaýlary gytaklaýyn tassyklap, häzirki pursatda “ösümlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurulýandygyny” habar berdi.

Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumyna zerur iým öndüriler” – diýip, wise-premýer prezident Berdimuhamamedowa hasabat berende aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu desgalar geljek ýylda ulanmaga berler.

Şeýle-de ol 2019-njy ýylda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlarynyň 5000 gektar giňeldiljekdigini habar berdi.

Türkmenistanda mundan öň näçe gektar ýere günebakar ekilendigi, bu ekinden näçe hasyl alnandygy anyklaşdyrylmaýar. Mundan öň Türkmenistanda döwlet daýhanlardan esasan gowaça we bugdaý ekmegi talap edýärdi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda sowet ýyllaryndan galan pagta monopliýasynyň, diňe ýerleri sandan çykarman, beýleki ekinleri hem gysyp çykarandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, garaşsyzlyk ýyllarynda bugdaý ekip başlan Türkmenistan şu wagta çenli un garaşsyzlygyny hem gazanyp bilmedi diýip, ekspertler aýdýar..

Prezident Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylda ýurduň oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny yzygiderli tankyt edýär. Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki medianyň we döwlet baştutanynyň yzygiderli gaýtalamagyna görä, ýurtda daýhanlar üçin ähli şert döredilen, döwlet olary tehnika, ýer-suw, dökün bilen doly üpjün edýär.

Emma Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen gürleşen daýhanlar özlerinde hiç bir ygtyýaryň ýokdugyny, soňky onýyllyklarda döwletiň talap edýän pagta, bugdaý hasyllaryny öndürmegiň mümkin däldigini, bu ýagdaýyň ýurtda azyk gytçylygyna alyp gelendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG