Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda döwlet dükanyna "güýç bilen girildi, protestçiler ýoly beklediler"


Tamdyrda bişýän çörek
Tamdyrda bişýän çörek

Azatlygyň Marydaky çeşmesi şu hepde welaýatyň etraplarynyň birinde turan un dawasy netijesinde, un ýetmezçiliginden gahar-gazap bildiren oba ýaşaýjylarynyň un dükanyna güýç bilen girendiklerini habar berýär.

Oba dükanynda un nobatyna duran adamlara “Häzirlikçe gelen un gutardy, size ýetmedi, indi gelse - bereris” diýýärler we muňa ynanmadyk obalylar oba geňeşiniň başlygyny urup, dükana kürsäp girseler, onuň içinde un bar eken” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, dükana gelen unuň hemmesi adamlara paýlanyp berilmän, onuň belli bir bölegini alyp galýan ekenler. Çeşme dükançy bilen oba geňeşiniň başlygynyň soň bu alnyp galynan uny “çastnyý”,ýagny döwlet bahasyndan gymmat bahadan satýandygyny hem sözüne goşdy.

Oba başlygyny gowy edip uran adamlar soňra dükanda gizlenip goýlan undan adam başyna bir halta un alyp gitdiler, bu 100 prosent, hakyka bolan zat” diýip, Azatlygyň Marydaky çeşmesi aýtdy.

Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maryda iş saparynda bolup, welaýatda gulluk edýän esgerleriň aşhanasyny, harby gullukçylaryň gyzgyn çörek we beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilişini görüp gaýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundanam başga, çeşmäniň tassyklamagyna görä, un dawasynyň ulalyp, ýaşaýjylaryň döwlet dükanyna kürsäp giren gününde başga-da bir waka bolýar: Maryda aýallar ýola çykyp, maşyn ýoluny baglap, awtoulaglaryň gatnawyny kesdiler.

Azatlygyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, ýoly baglamak protestine diňe aýallar gatnaşdy we erkek adamlar onuň golaýynda görünmedi. Şeýle-de çeşme, ýol baglanandan soň, aýallaryň talaplarynyň ýerine ýetirilendigini, ýagny unuň doly we dogry paýlanmagynyň ýola goýalandygyny habar berýär.

Türkmenistanda un, kepek ýetmezçiligi we döwlet bahasyndan berilýän esasy azyk we mal iými önümleriniň uzyn nobatlaryndaky dawalar geçen ýylyň aýagynda başlandy.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri dekabryň başynda eýýäm bir aý gowrak wagtbäri unuň we arpa-bugdaýdan önýän mal iýmleriniň gytalýandygyny habar berdiler.

Ýurduň iň gür ilatly Mary welaýatynyň ýaşaýjylary bu gytçylygyň öz ýaşaýan ýerlerinde has ýiti duýulýandygyny habar berdiler. Ahal welaýatynyň hem käbir etraplarynda, esasan hem Gökdepe etrabynda unuň gytalýandygy habar berildi.

Unuň gytalmagy bilen onuň bahasy hem gymmatlady. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň ýurtdaky un gytçylygyny un söwdasyna çäklendirme girizmek bilen çözmäge çalyşýandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwlete degişli dükanlarda her ele 5 kilogramdan un satylýar. Ýaşaýjylar ir ertirden nobata durup, una garaşýarlar. Berilýän unuň haýsy sortdygy hem belli däl. Bir zat alyp bilsek razy bolup, berlenini alyp gaýdýarys” diýip, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy dekabr aýynyň aýagynda Azatlyk radiosyna aýtdy.

Un, kepek ýetmezçiligi Daşoguz welaýatynda hem ýiti durýar.

Dekabr aýynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarynyň merkezlerindäki galla dükanlarynyň öňünde döwlet bahasyndan, her maşgala 20 kilogramdan satylýan kepegiň nobatynda ýüzläp adamyň nobata durýandygy, nobatda uruş-dawanyň hem turýandygy habar berildi.

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň dürli künjeklerinde azyk gytçylygy sebäpli ilat arasynda närazyçylyklaryň barha artýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Bellemeli ýeri, geçen ýyl azyk üpjünçiligi boýunça ýörite döwlet komissiýasynyň döredilendigine garamazdan, bäş million çemesi ilatly agrar ýurtdaky un, kepek ýetmezligi şu günlere çenli hem dowam edýär we beterleşýär. Muny fewralyň ikinji ýarymynda Daşoguzdaky kepek nobatyndan düşürilen wideodan hem görse bolýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky un gytçylygyny boýun almaýar. Ýogsa geçen ýyl hökümet ýurduň bugdaý planyny dolduryp bilmändigini tassyk etdi, oba hojalygyndaky reformalaryň netijeli bolmandygyny bölekleýin boýun aldy.

Türkmenistanda ýer we suw doly döwlet eýeçiliginde bolmagynda galýar, daýhanlar ýeri döwletden kärendesine alýarlar we esasan galla, pagta hasylyny, käbir gök önümleri öndürip, döwletiň bellän nyrhyndan döwlete satýarlar.

XS
SM
MD
LG