Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ukrain gämilerine ot açansoň, Ukraina ýurtda harby ýagdaýy girizmegi maslahat edýär


Orsýetiň ýaragly güýçleri Gara deňizde, Krym ýarymadasynyň kenarýakasynyň golaýynda Ukrainanyň birnäçe gämisine ot açyp, olary eýelediler. Indi Ukrainanyň kanunçykaryjylary ýurtda harby ýagdaýy girizip-girizmezlik baradaky karar hakda maslahat geçirýärler.

26-njy noýabrda parlamentiň adatdan daşary mejlisiniň öňüsyrasynda, prezident Petro Poroşenko Orsýetden “ýagdaýyň beýleki ugurlarda ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin ilkinji ädim hökmünde Azow deňzindäki ýagdaýy köşeşdirip,” deňizçileri we gämileri boşatmagy talap etdi, diýip, prezidentiň edarasy habar berdi.

Ondan ozal Poroşenko özüniň harby ýagdaýy girizmegi goldaýandygyny aýtdy. Harby ýagdaý hökümete jemgyýetçilik demonstrasiýalaryny çäklendirmäge, mediany düzgünleşdirmäge, şeýle hem saýlawlary wagtlaýyn togtatmaga ygtyýar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegine 25-nji noýabrda ors güýçleriniň iki gämä ot açyp, ekipažyň alty agzasyny ýaralamagy we gämileri eýelemegi sebäp boldy.

Kiýew ýesir alyndy diýilýän 23 deňizçiden habar alyp bilmeýändigini aýdýar.

“Reuters” habar gullugy 26-njy noýabrda wakany gözi bilen gören bir şaýada salgylanyp, üç sany ukrain gämisiniň Krymyň Kerç portunda saklanýandygyny mälim etdi.

Duşmançylykly hereketler, Orsýetiň Ukrainanyň üç gämisine Kerç aýlagynyň üsti bilen Gara deňizden Azow deňzine geçmegine rugsat bermänligi sebäpli dartgynlygyň ýokarlan güni, ýagny 25-nji noýabrda yglan edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýagdaýy maslahat etmek üçin 26-njy noýabrda adatdan daşary mejlis geçirer.

“AFP” habar agentligi diplomatik çeşmelere salgylanyp, duşuşygyň hem Ukraina hem-de Orsýet tarapyndan soralandygyny aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa ukrain häkimiýetlerini Kerç aýlagynda “garakçylaryň taktikasyny” ulanmakda – ilki prowokasiýa, ondan soňra basyş, iň soňunda hem agressiýada - aýyplady.

Orsýetiň ýurduň serhet sakçylaryna gözegçilik edýän Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) öz güýçleriniň Ukrainanyň harby gämilerini Orsýetiň territorial suwlaryna bikanun goýbermezlik üçin ot açandygyny aýtdy.

“Ýaraglar Ukrainanyň harby gämilerini duruzmak üçin ulanyldy” diýip, “FSB” aýtdy. Ol Ukrainayň üç gämisine girip, olaryň barlanandygyny hem tassyklady.

Ýöne Ukrainanyň harby deňiz güýçleri öz gämileri Kerç aýlagynyň 20 kilometrlik zonasyny terk edip, yzyna Gara deňze tarap barýarka, olara Orsýetiň serhet sakçylarynyň gämileri tarapyndan hüjüm edilendigini aýdýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň bu “agressiw hereketlerine” özüniň halkara hukugynyň bozulmagy diýip garaýandygyny we oňa “halkara we diplomatik kanuny jogap” beriljekdigini aýtdy.

25-nji noýabrda giçlik Kiýew Ukraninayň harby gämilerine hüjüm edilendigini yglan edeninden soňra gaharly demonstrantlar Orsýetiň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňüne ýygnandylar.

Kiýew 25-nji noýabrda Ukrainanyň üç gämisiniň bu ýurduň Azow deňzindäki port şäheri Mariupola barýarka Kerç aýlagyna golaýlanda, Orsýetiň serhet goragçylarynyň bir gämisiniň Ukrainayň harby gämisine gelip urandygyny aýtdy.

“Ukrainanyň harby deňiz güýçleriniň gämileri halkara hukugynyň normalaryna laýyklykda iş alyp barmagy dowam etdirýär. Gämileriň ekipažy we Ukrainanyň harby deňiz güýçleriniň ýolbaşçylary ähli bikanun işleri ýazga geçirýärler. Bular degişli halkara organlara berler” diýip, Ukrainanyň harby deňiz güýçleriniň bir beýannamasynda aýdylýar.

Ors häkimiýetleri bu hadysadan soňra ýokary howpsuzlyk aladalary sebäpli harby däl gämileriň Kerç aýlagyndan geçmegini togtatdylar.

Ýöne Orsýetiň habar gulluklary ýerli port häkimiýetlerine salgylanyp, aýlagyň 26-njy noýabrda gaýtadan açylandygyny bildirdiler.

25-nji noýabrda Ýewropa Bileleşigi Orsýeti Kerç aýlagynda “geçiş erkinligini gaýtadan dikeltmäge” çagyrdy.

NATO-nyň metbugat wekili Oana Lungesku ýaranlygyň Azow deňzindäki we Kerç aýlagyndaky “wakalary ýakyndan yzarlaýandygyny”, şeýle hem Ukrainanyň häkimiýetleri bilen gatnaşykdadygyny aýtdy.

“NATO Ukrainayň özygtyýarlylygyny, onuň territorial bütewiligini, şol sanda onuň territorial suwlardaky deňizçilik hukuklaryny goldaýar. Biz Orsýeti halkara hukugyna laýyklykda Ukrainanyň Azow deňzindäki portlaryna bökdençsiz elýeterligini üpjün etmäge çagyrýarys” diýip, Lungesku aýtdy.

Şeýle hem NATO-nyň sözçüsi ýaranlygyň ýolbaşçylarynyň iýulda Brýusselde geçen sammitde “Orsýetiň Krymy, Gara deňzi we Azow deňizini harbylaşdyrmak barada alyp barýan işleri Ukrainanyň garaşsyzlygyna howp abandyryp, regionyň durnuklylygyny gowşadýandygyny mälim edendiklerini belledi”.

XS
SM
MD
LG