Özbegistanda ýurduň daýhanlar geňeşiniň başlangyçlary bilen 16 – 22-nji noýabrlar aralygynda kärendeçi daýhanlara köpçülikleýin kasam içirmek çäreleri geçirilýär.
Welaýat we etrap häkimlikleriniň käbir resmileri daýhanlaryň şertnamada görkezilen tabşyryklary üstünlikli berjaý etmäge hem-de öndüren önümlerini ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen içerki bazarlarda satmaga “meýletin” kasam içýändiklerini öňe sürdüler.
Atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosyna maglumat beren Syrderýa, Daşkent, Namangan we Fergana welaýatlarynyň käbir kärendeçi daýhanlary kasam kabul etmek barada özlerine ýolbaşçylaryň aç-açan haýbat atandygyny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, kasam kabul etmedik kärendeçilere ýerleriniň ellerinden alynjakdygy aýdylypdyr.
Kärendeçilere kasam içirmek çärelerine gatnaşýan häkimligiň bir resmisi premýer-ministr Abdylla Aripow we Baş prokuroryň orunbasary geçen hepde geçiren ýygnagynda berlen tabşyrygyň, Daýhanlar geňeşiniň başlangyçlary bilen amala aşyrylýandygy gürrüň berdi. Maglumaty metbugata paş eden resmi özüniň hopsuzlygyna alada bildirip, adynyň agzalmazlygyny sorady.
Syrderýadaky nusgalyk kasam kabul ediş çäreleri...
16-njy noýabrda Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäher häkimliginiň öňünde galladan bol hasyl almaga, ýurduň ösüşine goşant goşmaga kasam içýän adamlar baradaky habarlar we suratlar ýerli metbugatda çap edildi.
Syrderýa häkimliginiň resmi neşirine görä, kasam içmek çäreleri welaýat häkiminiň, prokurorynyň, Içeri işler ministrliginiň hem-de salgyt gulluklarynyň welaýatdaky ýolbaşçylarynyň hut özleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Syrderýa welaýat häkimliginiň Azatlyk bilen habarlaşan resmilerinden biri, bu çäreleriň Özbegistanyň Daýhanlar geňeşiniň başlangyçlary bilen geçirilýändigini kasamyň mazmunyny hem hut şolaryň taýýarlandygyny gürrüň berdi.
Kasama gol çeken kärendeçi daýhanlaryň biri 19-njy noýabrda Azatlyga onuň nusgasyny ýollady.
Onuň mazmunyna görä, kärendeçiler özlerine bölünip berlen ýerlerden tabşyrygy dolmaga ýa-da ol ýerden 60-70 sentiner hasyl almaga kasam kabul edilýär.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan daýhanlary biri özüniň kabul eden kasamyna “şertnamda görkezilýän jaz razy” diýen ýaly äheňde düşünendigini gürrüň berdi.
Atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan beýleki bir welaýat resmisi kasam kabul etmek boýunça geçirilýän tabşyryklary premýer-ministriň geçiren ýygnagyndan soň başlandygyny, şol sebäpden tabşyrygyň ýokardan görkezme bilen berlendigini aýdýar.