Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi, ol Täjigistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgamakda tanalýar


Hugh Philpott

Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisiniň wezipesine Hugh Philpott bellenildi diýip, britan hökümetiniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ol Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky häzirki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Thorda Abbott-Wattyň ornuna wezipä bellenilýär.

Philpott Aşgabatdaky täze wezipesine 2019-njy ýylyň tomsunda girişer.

Mundan ozal, Philpott 2015-njy ýyldan bäri Birleşen Şalygyň Täjigistandaky ilçisi bolup işleýärdi.

Ol Täjigistanda işlän döwründe ýurtdaky adam hukuklary, söz azatlygy we raýat jemgyýetçiligi bilen bagly ýüze çykan meseleleri ýygy-ýygydan gozgap geldi.

30-njy noýabrda Azatlyk Radiosy Hugh Philpottyň Täjigistanda işlän döwründe onuň gozgan meseleleri we bitiren işleri barada Britaniýanyň Duşenbedäki ilçihanasy bilen, hususan-da Hugh Philpott bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk eden Täjigistanyň “Watan” baş radio stansiýasynyň direktory Wera Kulakowa Brannerud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

“Ilki bilen men jenap Philpottyň örän ajaýyp adamdygyny, örän professional şahsyýetdigini nygtamak isleýärin. Täjigistanda ony köp adam sylaýar” diýip, Kulakowa-Brannerud belledi.

Onuň sözlerine görä britan ilçisi ýurtda geçirilýän jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýar.

“Biz (Täjigistanyň “Watan” radiostansiýasy – red.) ” köplenç Britaniýanyň ilçihanasy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýärdik. Biz dürli çäreleri, şol sanda jemgyýetçilik, meýletinçilik we şuňa meňzeş çäreleri gurnaýardyk. Telim sapar men onuň adam hukuklaryna, zenan hukularyna we çagalaryň hukularyna bagyşlanan şeýle çärelere, şol sanda konferensiýalara, okuw-maslahatlaryna, çykyşlara we beýlekilere hut özüniň gatnaşandygyna şaýat boldum. Ol bu çärelere diplomat hökmünde, ilçi hökmünde we ýönekeý adam hökmünde gatnaşýardy” diýip, Kulakowa-Brannerud aýtdy.

Onuň sözlerine görä britan ilçisi Täjigistanda wagty ýurduň köp raýatlary bilen mähirli gatnaşyk saklaýardy hem-de olar bilen duşuşyp, pars dilinde gürrüňdeş bolup, olaryň ýagdaýlaryna düşünmäge çalyşýardy.

“Ol başy dertli adamlar bilen gepleşmäge çalyşýardy. Ol sosial media arkaly adamlar bilen gatnaşyk saklap, köp postlary paýlaşýar. Ýurduň dürli künjegine, kiçi-kiçi obalara sapar edip adamlar bilen gürrüňdeş bolýar” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Radionyň direktory ilçiniň Täjigistanda hususan-da adam hukuklarynyň ýagdaýyna bagyşlanan çärelere örän işjeň gatnaşandygyny aýtdy.

Ilçi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda häkimiýetler tarapyndan, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä syýasy matlaply saklanyp, soňy bilen 12 ýyl tussaglyga höküm edilen täjik žurnalisti Haýrullo Mirsaýidowyň boşadylmagy ugrunda alnyp barlan kampaniýalara gatnaşdy.

“Britan ilçisi jenap Philpott bu işe örän aktiw gatnaşdy. Täjigistanda halkara guramalary, halkara raýat jemgyýetçiligi hereket edýär. Olar beýanat ýaýratdylar. Ilçi her pursatda Täjigistandaky söz azatlygy, žurnalistleriň ýagdaýy bilen bagly meseleleri gozgaýardy” diýip, Täjigistanyň “Watan” radiostansiýasynyň baş direktory Wera Kulakowa-Brannerud Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Täjigistanda işlän döwründe adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanan Hugh Philpott Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine üstümizdäki tomus girişýär. Halkara hukuk guramalary Türkmenistandaky adam hukuklarynyň, söz azatlygynyň ýagdaýyna alada bildirip gelýär.

Britan hökümetiniň resmi neşirinde Philpottyň mundan ozal Wengriýada, Yrakda, Omanda, şeýle-de käbir günbatar ýutlardaky Birleşen Şalygyň diplomatik wekilhanalarynda işländigi bellenilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG