Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýüzlerçe adam pasport almak üçin migrasion gullugynyň öňüne jemlenýär


Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy, Aşgabat
Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy, Aşgabat

Daşoguz welaýatynyň migrasiýa edarasynyň öňünde şu günler pasport almak isleýän ýaşaýjylaryň uly nobatlary emele gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň soňky hepdäniň dowamynda dörändigini habar berdi.

"Migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň öňünde daşary ýurt pasportyny almak üçin ýüzlerçe adam nobata düzülýär. Aýratynam soňky hepdäniň dowamynda migrasiýa gullugynyň öňünde basa-baslyk" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, nobatlar bilen bir wagtda, daşary ýurt pasportyny mundan beýläk diňe paýtagtda bermek düzgüniniň girizilmeginiň ähtimaldygy barada ýaşaýjylaryň arasynda howatyrlanmalar güýçlenipdir.

​"Köpler migrasiýa gullugyň Aşgabada geçirilmeginden we pasportlaryň şol ýerde berilmeginiň ähtimallygyndan howatyrlanýarlar. Adamlar alada edip, pasport almak üçin ýüzlenip başladylar. Ol ýere barar ýaly bolmady, işgärler [nobatlaryň] surata düşürilmezligine gözegçilik edýärler, emma adamlar onsuzam başagaý" diýip, Türkmenistandaky habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy daşary ýurt pasportynyň berilmek düzgünine degişli habar berilýän aladalanmalaryň nä derejede esaslydygyny resmi çeşmelerden anyklap bilmedi. Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyndan we bu edaranyň Daşoguz welaýatyndaky bölüminden kommentariý almak bize häzirlikçe başartmady.

Daşary ýurt pasporty Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak we ýurda dolanyp barmak üçin zerur dokumentdir. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahatlary biometriki maglumatlary öz içine alýan dokumentiň esasynda amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, soňky ýyllarda ýurt ýaşaýjylarynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda-da Türkiýä zähmet migrasiýasyna gidýändigi sebäpli ilat arasynda daşary ýurt pasportyna bolan islegler hem artypdyr.

"Meselem Lebap welaýatynda tutuş obalar boşap galdy. Esasan garrylar we çagalar galdy, işe ukyply ýaşdaky erkekleriň we aýallaryň tas ählisi gazanç edýärler" diýip, ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adynyň efirde tutulmazlygyny soran welaýat ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistan ýurduň daşyna gatnaýan raýatlarynyň sanyna degişli resmi statistikany çap etmeýär. Munuň bilen bir wagtda, migrasiýa häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna päsgelçilik döredýärler we daşary ýurtlarda gazanç edýän raýatlaryny yzyna gaýtarmak boýunça çäre geçirýärler.

2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyna häkimiýetler tarapyndan päsgel döredilmegi bilen bagly wakalaryň onlarçasy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

XS
SM
MD
LG