Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda uçara münjek ýolagçylar bilen ýygnak geçirildi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

10-njy oktýabrda 921 uçuş belgili Aşgabat-Stambul saparyny ýerine ýetirýän ýerli wagt bilen sagat 18:40-da uçmaly uçaryň ýolagçylary garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Migrasiýa gullugynyň işgärleri olar bilen adatdan daşary ýagdaýda ýörite ýygnak geçiripdir.

Stambula barandan soň Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan lebaply, ahally we maryly ýolagçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň ýörite geýimli işgärleri bilen iki sany ýönekeý geýimli adam şol gün uçara münmek üçin garaşylýan ýere baryp, ýolagçylaryň bir hatara düzülmegini isläpdir.

“Uçara münmek üçin garaşylýan ýerde otyrdyk. Sagat 17:00 töweregindedi. Birden polkownik, podpolkownik, kapitan we baş leýtenant çinli migrasiýanyň resmileri bilen iki sany ýönekeý geýimli ýaşuly adam geldi. Migrasiýanyň resmileriniň eginbaşyndaky kükreginde ady we familiýasy görkezilýän ýer aýrylan ekeni. Olar köpçülige özüni tanatmady. Şonuň üçin hem ýolagçylar olara geňirgenme hem gorky bilen garady. Olar ýolagçylaryň telefonlaryny goýup, hemmesiniň eli görnüp durar ýaly bir hatara düzülmegini isledi. Ýagny bizden biriniň olary surata ýa-da wideo düşürmegimizden, sesini ýazga almagymyzdan howatyrlandylar. Stambul uçaryna garaşyp oturanlaryň barysy ýerli-ýerden turup bir hatara düzüldi. Polkownik söze başlamanka ýönekeý geýimli ýaşuly adamlardan biri geçirilen ýygnagy başyndan soňuna çenli telefony bilen wideo düşürmäge başlady. Muny gören ýolagçylar hasam beter gorkmaga başlady” diýip, lebaply ýolagçy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren maryly ýolagçy bolsa, migrasiýanyň polkownik resmisiniň “Hemmäňiziň diýen ýaly Türkiýä işlemäge barýandygyňyzy bilýäris. Okuwa diýen bolup, aslynda işlemäge gidýändigiňizi hem gowy bilýäris. Hemmäňiziň ýoluňyz açyk bolsun. Arkaýyn gidiberiň. Ýöne ol ýerde bikanun ýagdaýda gezmäň. Kanuna garşy iş etmäň we jenaýatkär toparlardan daşda duruň. Nähili problemaňyz bolsa konsulhanamyza baryp ýüz turuň, ýagny ony daşary ýurt media serişdelerinde ýaýratmaň” görnüşinde ýygnakda gürländigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly ýolagçy hem, ýygnagyň uçara garaşylýan ýerde 20 minuda golaý dowam edendigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Migrasiýanyň resmisi “Ylaýta-da aýal-gyzlar ol ýerde özüňizden gaty ägä boluň. Siz barada ol ýerden her-hili maglumatlar gelip dur. Biz hemmesini bilýäris. Öz ýurduňyzy masgara etmäň” görnüşinde duýduryş berdi”.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, soňky günlerde dürli wagtda Stambula gelen ýolagçylar hem migrantlar bilen gürrüňdeş boldy. Ýöne, olaryň hiç biri özleri bilen ýaňky ýaly ýygnagyň geçirilmändigini bildirdi.

Aşgabadyň aeroportynda uçara garaşylýan ýerde migrasiýanyň resmileriniň ýolagçylar bilen adatdan daşary ýagdaýda ýygnak geçirmegine nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG