Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un ýetmezçiliginiň fonunda Berdimuhamedow bugdaýyň hasylly görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti ýerli toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Duşenbe güni geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňdebaryjy halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini belläp, bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýer E. Orazgeldiýewe, jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmadyk, görkezmeleri berdi.

Bu ýyl Türkmenistanda ýurduň galla plan borçnamasy doly berjaý edilmedi. Bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasylynyň mukdary barada anyk sanlar aýdylmýar. Resmi metbugat ýurtda 1 million tonnadan gowrak galla hasylynyň ýygnalandygyny habar berýär

Mundanam başga, ýurtda un, çörek önümleriniň ýiti gytçylygy dowam edýär.

Türkmen hökümeti un-çörek gytçylygyny boýun almaýar. Döwlet mediasy hem çörek ýetmezçiligi barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG