Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň we Ahalyň un-çörek üpjünçiligi: “Adamlar dymýarlar, gorkýarlar, sabyr edýärler...”


Aşgabadyň dükanlarynyň birinde satylýan buhanka çöregi. Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa

Awazada ýerleşýän bir çörek kärhanasynda buhanka her ele ikiden satylýar. Änewde ýerleşýän bir stadionyň öňünde irden sagat 8:00-9:00 aralygynda un satylýar, ýöne ol isleg bildirýän hemmelere ýetmeýär.

Soňky wagtlarda Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde çörek öndürýän bir kärhananyň öňünde çörek satyn almaga isleg bildirýän adamlaryň uzyn nobatlary emele gelýär. Ol ýerde buhanka çöregi her ele ikiden satylýar. Ahal welaýatynyň paýtagty Änew şäherinde ýerleşýän Stadionyň öňünde soňky wagtlarda irden sagat 8:00-9:00 aralygynda, döwletiň guramagynda un satylýar. Ýöne getirilen un oňa isleg bildirýänleriň hemmesine ýetmeýär. Adamlar sowukda un nobatyna garaşmaga mejbur bolýar.

Günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” köçesiniň ugrunda ýerleşýän döwlete degişli çörek kärhanasynda, halk dilinde “pekarnyda”, “buhanka” çöregi her ele ikiden satylýar. Kärhananyň öňünde ir sagat 8:00-den öň çörek satyn almaga garaşýan adamlaryň uzyn nobaty emele gelýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň welaýata sapar eden habarçysy gizlinlik şertlerinde 18-nji dekabrda maglumat berdi.

Agzalýan “pekarny” Türkmenbaşynyň ozal “2-nji mikroraýon” atlandyrylan häzirki Awaza şäherçesiniň Awaza köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

“Ol ýerde buhanka her ele ikiden satylýar. Entek sagat 8:00-de pekarny açylmanka, onuň öňünde çörek nobaty döreýär. 20 minudyň dowamynda çörek derrew satylyp gutarýar, pekarnynyň gapysyna “öýlän 15:00-de çörek satylar” diýen ýazgy asylýar” diýip, habarçy belledi.

“1 buhankanyň bahasy pekarnyda 60 teňňeden satylýar, ýöne ol ýerde buhanka ýetmedikler hususy dükanlarda onuň bahasyny 1 manatdan satyn almaly bolýarlar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

“Adamlar dymýarlar, gorkýarlar, sabyr edýärler, bolmalysy şudur öýdýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda soňky bir ýyl bäri un we çörek önümleriniň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy hem-de olaryň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy dowam edýär.

Maglumat üçin aýdylsa, “Awaza” milli syýahatçylygy zolagy bilen Türkmenbaşy şäheriniň Awaza şäherçesi bir-birine dahylly däl.

Türkmenbaşynyň Awaza şäherçesinde ýerleşýän çörek dükany
Türkmenbaşynyň Awaza şäherçesinde ýerleşýän çörek dükany

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň resmi web sahypasy Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşýän bir çörek kärhanasynda her gün 1.100 tonna çöregiň bişirilýändigini öňe sürdi.

Beýleki tarapdan, günorta Türkmenistanda-da döwletiň hemaýatynda un-çörek üpjünçiliginiň ýola goýluşy kadaly däl. Ahal welaýatynyň häzirki paýtagty Änew şäherinde ýerleşýän Stadionyň öňündäki boş meýdançada soňky wagtlarda ir sagat 8:00-den 9:00-a çenli bir sagadyň dowamynda döwletiň hemaýatynda un satylýar. Bu barada welaýatyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 18-nji dekabrda maglumat berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, un nobata garaşýanlaryň hemmesine ýetmeýär.

“Şu günler, soňky 4 gün bäri, ir sagat 6:00-da un almak üçin Stadionyň öňündäki un satylýan meýdançada nobata durýarys. Onuň belli bir satylýan güni ýok. Satylýan un garaşýanlaryň hemmesine ýetmeýär. Az mukdarda paýlanýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Öňündäki boş meýdanda un satylýan stadion Änew şäheri bilen Magtymguly şäherçesiniň aralygynda ýerleşýär.

“Soňky 4 güni bäri, sowukda nobata ýazylyp, kösenip una garaşýarys, ýöne un gelmeýär. “Başga etraba ugradyldy” diýip, boş habar gelýär” diýip, Ahal welaýatynyň beýleki bir ýaşaýjysy Stadionyň öňünde satylýan un barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, 13-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň un bilen üpjünçiliginiň beýleki welaýtlardan has ileri tutulýandygyny Daşogzuň un kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

4-nji dekabrda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň “Älemgoşar” bazarynda tamdyr çöreginiň bahasynyň 3 – 5 manat aralygynda satylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçiren soňky maslahatlarynyň gün tertibinde bazarlaryň haryt üpjünçiligi baradaky ýagdaýlary gozgady.

Resmi metbugatda ilatyň un we çörek ýetmezçiligi barada gürrüň gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG