Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

British Airways on ýyldan soň Pakistana uçuşlaryny ýola goýýar


British Airways howaýollarynyň uçarlary.
British Airways howaýollarynyň uçarlary.

British Airways howaýollary kompaniýasy öňümizdäki tomusdan başlap Pakistana uçuşlaryny ýaňadan ýola goýjakdygyny mälim etdi. Mundan on ýyl töweregi ozal kompaniýa, howpsuzlyk howatyrlanmalary sebäpli, bu ugurdaky uçuşlaryny togtadypdy.

Britan kompaniýasy 2019-njy ýylyň iýunyndan başlap, Lonodonyň “Heathrow” aeroportyndan Pakistanyň paýtagty Yslamabada hepdede üç gün uçuşlaryň amala aşyryljakdygyny aýtdy.

2008-nji ýylda Yslamabadyň myhmanhanalarynyň birinde janyndan geçeniň hüjümi netijesinde 50 töweregi adamyň heläk bolmagyndan soň, British Airways bu ugurdaky uçuşlaryny togtadypdy.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khanyň ýörite kömekçisi Zulfikar Abbas Bukhari “ýurduň daşarky dünýä has köp açylyp başlandygyny” aýtdy.

Pakistanyň harbylary bu soňky özgerişlikleri pakistan halkynyň we howpsuzlyk güýçleriniň ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak ugrundaky alyp baran tagallalary bilen düşündirdi.

Britaniýada 1 milliondan gowrak pakistanly ýaşap, bu pakistanlylaryň Ýewropadaky iň uly diasporasydyr.

XS
SM
MD
LG