Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dowam edýän gytçylyklar dermanyň 'gara bazaryny' güýçlendirýär


Paýtagtda döwlet eýeçiliginde işleýän ençeme dermanhana bar, olara esse ýarym-iki esse köp hususy dermanhana hem işleýär.

Azatlyk radiosynyň habarçylary ýurtda derman problemasynyň gitdigiçe çylşyrymlaşýandygyny, regionlaryň ýaşaýjylaryny sanjym iňňelerinden başlap, ýönekeý dermanlara çenli paýtagtdan sargap getirtmeli biolýandyklaryny habar berýärler.

Şu aralykda adamlar geljek ýyl üçin derman satyn alýarlar, 2019-njy ýylda dermanyň “gara bazarynyň” öňküden-de güýçlenmegine garaşylýar.

Ýylyň dowamynda azyk harytlarynyň gytalmagy we gymmatlamagy bilen bir hatarda, Türkmenistanda dermanlaryň hem gytalmagy we gymmatlamagy dowam edýär.

Mysal üçin, halk içinde giňden ulanylýan “Kardamagnil” dermanynyň 100 tabletkaly gutusy bir ýyl ozal 24 manada satylan bolsa, häzir 112 manatdan satylýar. Bu ýagdaý beýleki dermanlara hem degişli we iň esasysy gerekli, zerur dermanlar tapylanok diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy dekabrda aýtdy.

Şol bir wagtda, derman ýagdaýynyň paýtagtda regionlara garanda ganymatdygy habar berilýär. “Sebäbi paýtagtda döwlet eýeçiliginde işleýän ençeme dermanhana bar, olara esse ýarym-iki esse köp hususy dermanhana hem işleýär, emma oba, etrap ýerlerinde beýle mümkinçilik az” diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda, derman söwdasynda garaşylmaýan bir täzelik boldy: hususy dermanhanalarda 100 manatdan geçýän söwda eden müşderilere derman 3% arzan satylyp başlandy. Eger müşderi 500 manatlyk söwda etse, onuň alan dermanlary 10% arzanladylýar.Azatlygyň habarçysy bu täzeligi Aşgabadyň dürli ýerlerinde ýerleşýän dermanhanalaryň birnäçesinde (”Ýowşan”, “Saglyk”, “Tebip” dermanhanalary) bolup habar berdi.

Bu täzelik bazarlarda azyk harytlarynyň bahalaryna edilýän hökümet kontrollygynyň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Ikinji tarapdan, raýatlar öňki ýyllaryň tejribesinden ugur alyp, geljek ýyldan derman bahalarynyň has-da gymmatlamagyndan howatyr edýärler. Şunuň bilen baglylykda, obalardan gelip, derman satyn alýan adamlar köpeldi.

“Lomaý derman söwdasyny edýänleriň köpüsi regionlardan Aşgabada gatnap, hususy ulaglaryny taksi edinip ulanýan adamlar. Olar öz maşynlaryny şäher daşynda goýup, şäher taksilerinde aýlanyp, dermanhanalardan iki-üç müň manatlyk derman satyn alýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Olaryň habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, oba ýerlerinde islendik derman gyt we paýtagtdaky bahalar bilen deňeşdirilende, oba ýerlerinde derman edil häzirem 25-30 prosent gymmat bahadan satylýar.

Mundan başga, adamlaryň köpüsi ýyl çalşandan soň dermanlaryň hem gymmatlajagyny çaklaýar we öňünden gerek dermanlaryny satyn alyp goýmaga çalyşýar.

“Men häzir şu ýerden müň manada satyn alan dermanlarymy ýene iki-üç hepdeden obada satsam, azyndan iki ýarym-üç müň gazanaryn” diýip, derman satyn alyp duran hususy taksiçileriň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ol bu biznesi durmuşdaky zerurlyklaryň salgy berendigini, oba adamlarynyň özünden köplenç derman sargaýandygyny we bu sargydy ýerine ýetirse, minnetdar bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, dermanyň gara bazarynyň işlemegine, şäherden obalara derman alnyp gidilmegine ýol gözegçiliginde durýan polisiýa işgärleri hem öz goşantlaryny goşýar, derman alyp barýan sürüjileri barlaman goýberýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen hususy taksiçi düşündirdi.

“Barlag nokatlarynda durýanlaryň köpüsi biziň edýän işimizden habarly. Beýlekilerden tapawutly tarapymyz - olaryň eline salamlaşamyzda 20-30 manat tutduryp,barlatman geçip bilýäris” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran taksiçi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy lomaý satyn alynýan dermanlaryň ýaramlylyk möhletleri bilen hem gyzyklandy.Onuň tassyklamagyna görä, Aşgabatda häzir arzanladylyp satylýan dermanlaryň içinde möhleti geçen dermanlar ýok.Ýöne ol häzir satylýan dermanlaryň köpüsiniň möhletiniň geljek ýylyň birinji ýarymynda, ýa-da biraz soň tamamlanýandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG