Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa ofiserleri paýtagtda ýumurtga söwdasyna gözegçilik edýärler


Aşgabadyň bazary, 2018
Aşgabadyň bazary, 2018

Türkmenistanyň paýtagtynda polisiýa ofiserleri Täze Ýyl baýramynyň öňüsyrasynda azyk önümleriniň söwdasyna berk gözegçiligini dowam etdirýärler.

Hususan-da, Aşgabadyň "Gök bazarynda" 26-njy dekabrda ýumurtga söwdasy kapitan derejesindäki ofiserleriň gözegçiliginde geçdi.

"Şu gün ýumurtganyň söwdasyna ýolum düşdi. Söwdanyň alnyp barlyşyna iki ofiser kuratorlyk etdi, olardan ulusynyň derejesi kapitandy. Ikinji gatyň balkonundan bolsa, ýokarda açyk giňişligiň üstünde galereýa bar, ine şol ýerden söwda prosesine eli rasiýaly üç adam gözegçilik etdi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 26-njy dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, her bir ýumurtganyň bahasy 30 teňňeden bolup, ol adam başyna çäkli möçberde ýarym guty, ýagny 15 sany ýumurtgadan satylypdyr.

"Söwdanyň başlanan mahalynda nobatda 100 adam durdy, soň satyp başlanlarynda nobat azalyp başlady" diýip, habarçymyz aýtdy.

"Gök bazar" Aşgabadyň merkezi böleginde lomaý bazaryň gapdalynda ýerleşýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda azyk önümleriniň satuwdaky möçberi öňküsinden köpeldi, gyt harytlar, şol sanda ýumurtga peýda boldy. Şol bir wagtda-da, azyk önümleriniň bahasyna we satuwyna gözegçilik güýçlendi.

"Bazaryň özünde - lomaý bazarda, eli rasiýalylar her bir ädimde, üstesine, administrasiýanyň özi gorag üçin goşmaça işgär alan bolmaly, "Security" ýazgyly geýimli 18-25 ýaş aralygyndaky ýaş ýigitler yzygiderli aýlanyp, tertip-düzgüne gözegçilik edýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Mundan birnäçe gün öň, 25-nji dekabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň "Älemgoşar" we "Teke" bazarlarynda, şeýle-de beýleki söwda nokatlarynyň ençemesinde gözegçiligi polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärlerinden düzülen toparlaryň ýerine ýetirýändigini, olaryň arasynda maýor we hatda polkownik derejelerdäki ofiserleriň hem bardygyny habar beripdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, toparlaryň biri harytlaryň häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satylmagyna gözegçilik edýän bolsa, beýlekiler bolýan ýagdaýlary, şol sanda döreýän nobatlary surata we wideo düşürilmezligine gözegçiligi berjaý edýärler.

Türkmenistanyň kanun goraýjy we howpsuzlyk güýçleriniň Aşgabatda azyk önümleriniň söwdasyna gözegçilik edýän wagtynda, ýol gözegçilik polisiýasy paýtagtdan welaýatlara barýan awtoulaglary barlaýar we "artykmaç iýmitiň" şäherden äkidilmeginiň öňüni almaga synanyşýar.

“Bu barlag postlarynda öň diňe bir ýa-da iki sany polisiýa işgäri durýan bolsa, häzir olaryň sany azyndan alty adama ýetipdir. Olaryň dört sanysy raýat eşigindäki adamlar bolup, olaryň ýanynda ýörite tälim berlen itler hem bar. Polisiýa işgärleri ulagda bir hojalyga niýetlenenden has köp azyk önümleri, mysal üçin, 1 gutydan köp ýumurtga ýa-da 5-10 sanydan has köp banan bolsa, onda olary dessine aktlaşdyrýarlar we harytlary raýatlaryň elinden alýarlar. Käte “jenaýat işinde ulanylan serişde” diýlip, raýatlaryň awtoulaglaryny hem elinden alyp, olary yzyna bermeýärler” diýip, habarçymyz 25-nji dekabrda habar berdi.

Türkmenistanyň ilaty geçen ýylyň dekabryndan bäri azyk gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Soňky bir ýylyň dowamynda çörek, un we pagta ýag nobatlarynyň fonunda türkmen hökümeti bazarlarda bolçulygyň üpjün edilýändigini yzygiderli häsiýetde hasabat berip durdy, resmi habar serişdeleri bolsa ýurtda azygyň bolçulykdadygy wagtal-wagtal habar berdi.

Azyk bolçulygy: resmi media we durmuş
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG