Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň “Rusal” kompaniýasy täze başlygyny yglan etdi


Orsýetiň alýuminiý öndüriji "Rusal" kompaniýasy
Orsýetiň alýuminiý öndüriji "Rusal" kompaniýasy

Orsýetiň alýuminiý ägirdi “Rusal” ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň deregine geçirilýän täzeden gurnalyş işleriniň çäginde ýolbaşçylar geňeşiniň Jean-Pierre Thomasy kompaniýanyň täze başlygy edip saýlandygyny aýdýar.

Häzir ol kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory däl we 28-nji dekabrda başlyk saýlanan Thomas täze wezipesine 1-nji ýanwarda başlar diýlip, rus kompaniýasynyň Gong-Kongyň biržasyna beren maglumatynda aýdylýar.

Öňki başlyk Matthias Warnig alty ýyl “Rusalda” bolansoň, 26-njy dekabrda wezipeden aýryldy. Onuň wezipeden çekilmegi amerikan resmileri bilen gelnen ylalaşyk üçin şert bolup durýardy.

Inwestisiýa bankiri we öňki gündogar Germaniýanyň gizlin agenti bolan Warnig 1990-njy ýyllardan bäri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen tanyş.

“Bloomberg Capital Markets” neşiriniň biografiýa sanawynda getirişine görä, 61 ýaşly Thomas 28-nji iýundan bäri “Rusalyň” ýolbaşçylar toparynda garaşsyz, ýerine ýetiriji däl direktor bolup işläpdir. Şol ýerde ýene-de onuň Fransiýada Lazard Bankynda 15 ýyllap müdiriýet partnýory bolup işländigi aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, ol Fransiýa bilen Orsýetiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk proýektlerini gurmakda tejribe toplapdyr. Şol ugurda Fransiýanyň prezidentiniň ýörite wekili bolup hyzmat edipdir.

Birleşen Ştatlaryň Gazna departamenti aprel aýynda rus tüçjary Oleg Deripaskanyň we içinde onuň saldamly paýy bolan birnäçe kampaniýanyň garşysyna sanksiýa girizdi. Ol muny hem Orsýetiň “zyýanly işjeňlikleri” we Deripaskanyň geçmişde eden jenaýatlary diýilýänler bilen delillendirdi.

Sanksiýalaryň yglan edilmegi global aksiýalary we alýuminiý bazarlaryny gala-gopluga saldy. “Rusalyň” paýlary aşaklap, paýdarlar dünýäniň iň uly ikinji alýuminiý öndürijisiniň söwdadan çetleşdirmeginden gorkup, ondan çekilmäge başladylar.

Sanksiýalar yglan edileninden az wagt soňra bazarlarda garma-gürmelik döräp, “Rusalyň” geljegi şübhe astyna düşensoň, Amerikanyň Gazna sekretary Stewe Mnuçin Waşingtonyň maksadynyň kompaniýany we onuň Orsýetde hem-de dünýäniň beýleki ýerlerinde üpjün edýän iş orunlaryny dargatmak däldigini aýtdy.

Gazna departamenti “Rusal” bilen “En+” Deripaskanyň kontrollyk edýän paýlaryny azaldan halatynda olaryň garşysyna girizilen sanksiýalaryň ýatyryljakdygyny aýtdy.

“Rusal” bilen “En+” hem bu aralykda Gazna departamenti bilen kompaniýalar arasynda sanksiýalary ýeňletmek barada geçen gepleşiklerden soňra Deripaska bilen ilteşigi bolmadyk direktorlary we ýolbaşçylary işe aldylar.

Täzeden gurnalyş haýsy ýagdaýda hem bolsa, Kongresde 30 günlük barlaga bagly. Sanksiýalaryň ýatyrylyp-ýatyrylmazlygy barada şondan soňra karar berler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG