Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlar soraga çekilýär


Esenguly şäheriniň metjidi, Türkmenistan (arhiw suraty)
Esenguly şäheriniň metjidi, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň polisiýasy we milli howpsuzlyk gulluklary dinçileri soraga çekýär. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Daşoguzdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu regionlarda dinçileriň soraga çekilmeginden daşary, ilata aşa dinçilikden saklanmagy maslahat berýärler.

"Howpsuzlyk edaralary ýene-de dinçileri soraga çagyryp başladylar. Esasan metjitlere gatnaýanlary çagyrýarlar. Şeýle-de, özüni dini düzgünlere görä alyp barýan adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler. Meselem işde namaz okaýanlary, gürrüňdeşliklerde hudaýy we dini ýygy-ýygydan agzaýanlary. Býujet pudaklarynda işleýänlere aşa dinçiligiň hut işden kowulmak ýaly netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar", diýip 8-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleri polisiýanyň we milli howpsuzlyk gulluklaryň "il içinde informatorlarynyň köpdügini" aýdýarlar. Şeýle-de, olar ilatyň mobil telefonlarynyň barlanýandygyny we onuň içinden dini maglumatlaryň gözlenýändigini aýdýarlar.

"Telefonlarynyň içini dörüp din bilen bagly suratlary we ses ýazgylary gözleýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar öň hem ençeme gezek ýüze çykypdy.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň fewral aýynda Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmeleri metjide barýan ýaşaýjylardan we döwlet işgärlerinden namazdan el çekmegiň talap edilýändigini habar beripdi.

"Olara şeýle soraglary berýärler: 'Näme üçin namaz okaýarsyň? Kim bilen gatnaşyk saklaýarsyň? Ene-ataň kim?' soň bolsa olardan namaz okamazlygy we metjide gatnamazlygy talap edýärler" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, soraga çekilýän adamlara "metjitde ýa-da iş ýerinde namazyny dowam etdiren dinçileriň işden kowuljagy" barada duýduryş berýärler.

​Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, Türkmenistana daşary ýurtlardan gaýdyp barýan zähmet migrantlary aeroportda sorag edilýärler, olaryň telefonlary barlanyp, içinden din bilen bagly maglumatlar gözlenýär.

Mundan öň Türkmenistanda dinçileri murt-sakgalyny syrmaga mejbur etmek, namaz okamagy bes etmek, namaz okanlaryň işden kowulmagy barada wakalaryň ençemesi ýüze çykypdy.

Türkmenistanda metjitlere gatnaýanlaryň we namaz okaýanlaryň uly bölegini 30-40 ýaş aralygyndaky orta ýaşlylar emele getirýärler.

Türkmenistan esasan musulman ilatly dünýewi döwlet.

Din azatlygy ýurduň Baş kanuny we ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalary tarapyndan kepil geçilýär.

Emma halkara ýyllyk hasabatlarynda, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Din azatlygy boýunça hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dine döwlet derejesinde iň berk gögçilik edýän ýurtlaryň arsynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG