Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda metjidiň gurluşygy üçin "mejbury meýletin goşantlar" soralýar


Parahat 7-de gurulýan metjit.

Aşgabadyň Parahat 7 etrapçasynyň çäginde gurulýan metjidiň gurluşygynyň ahyrky tapgyrlarda alynyp barylýandygy göze ilýär. Emma, bu gurluşygyň tamamlanmagy üçin gerek bolan serişdeleriň hususy firmalaryň üstüne ýüklenýändigi barada hem maglumatlar aýdylýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, soňky 10-15 ýylyň dowamynda Aşgabatda müňlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy bilen birlikde, ona golaý metjitler hem ýeg-ýegsan edilipdir.



Paýtgatda häzir “Hitrowka” raýonyndaky “Hoja Ahmet Ýasawy” köçesiniň ugrundaky “Azady” metjidi, “A.Nyýazow” köçesiniň gündogar bölegindäki “Osman “ metjidi, “Köşi metjidi”, hem-de “Är Togrul Gazy” metjitlerinden başga metjit galmandyr.

“Bar bolan metjitler ol ýere barýan adamlaryň metjide girip, namaz okamaklary üçin darlyk edýär. Esasan hem Baýram namazlarynda metjitlere barýan adamlaryň sany juda agdyk bolandan soňra, metjidiň daş-töwerekleri hem, köçäniň ugurlary hem adamlardan, zenan maşgalalardan dolýar” diýip, aşgabatly Bibi daýza aýdýar.

“Ozalky ýumrulan metjitleriň öwezine Parahat 7-de bir metjit gurulmaga başlandy, ýöne onuň gurluşygyna döwlet tarapyndan geregiçe serişde göýberilmeýäne meňzeýär. Onuň gurluşygy indi birnäçe wagta çekip gelýär” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.



Şol uzaga çeken gurluşygy hem döwletiň, ýa bolmasa beýleki metjitlere gelýän haýyr-sahabatlaryň hasabyna däl-de, ilatyň hasabyna, has dogrusy hususy firma eýeleriniň hasabyna geçirmegi planlaşdyran häkimiýetleriň, hususy gurluşyk firmalaryndan mejbury serişdeleri almagyň ugruna çykandyklary hem aýdylýar.

Hususy firmalaryň biriniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, her bir hususy firma onuň aýlawyna görä salgyt salnyp, häkimlikler tarapyndan bellenen möçberdäki serişdäniň “Yrsgal” bankda metjidiň hasabyna geçirilmegi talap edilýär.

"Görnüşine görä, firmalaryň hasabyna metjidiň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulana meňzeýär” diýip, hususy bir firmanyň ýolbaşçysy aýdýar.

Ýurtda dörän ykdysady krizis sebäpli, hususy firmalaryň belli bir bölegi öz işlerini togtatmaga mejbur boldular.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG