Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşa-sagçy german žurnalistiniň Wengriýanyň Ukrainadaky merkezine edilen hüjüm bilen ilteşiklidigi aýdylýar


Hüjümde ýaralanan adam ýok. Ýöne bu waka Kiýew bilen Budapeştiň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy.
Hüjümde ýaralanan adam ýok. Ýöne bu waka Kiýew bilen Budapeştiň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy.

Öten ýyl günbatar Ukrainada Wengriýanyň medeni merkezine bomba bilen ot beren polşaly bu hüjüm barada özüne bir germaniýaly žurnalist tarapyndan görkezme berlendigini aýdýar. Bu žurnalist hem “Germaniýa üçin alternatiw” (AfD) atly partiýanyň parlamentdäki bir wekiline geňeşçi bolup işlän adam.

28 ýaşly Mihal Prokopowiçz 14-nji ýanwarda Krakowyň bir kazyýetinde geçen diňlenişikde germaniýaly žurnalist Manuel Oksenteýteriň özüni 2018-nji ýylyň 4-nji fewralynda bolan hüjüm üçin gerekli görkezmeler bilen üpjün edendigini aýtdy. Wengr medeni jemgyýeti Ukrainanyň günbatar regiony Zakarpattýanyň merkezi bolan Užhorod şäherinde ýerleşýär.

Hüjümde ýaralanan adam ýok. Ýöne bu waka, şeýle hem ondan birnäçe hepde soňra bu bina edilen otly hüjüm Kiýew bilen Budapeşt arasyndaky gatnaşyklary bir magaryf kanuny sebäpli dartgynlaşdyrdy. Wengriýa bu kanun Ukrainadaky etnik wengrleriň öz ene dilinde tälim almak hukugyny çäklendirýär diýýär.

Prokopowiçz aşa sagçy hereket bilen ilteşiklikde güman edilip, hüjüm sebäpli 14-nji ýanwarda kazyýet öňüne getirilen üç polşalynyň biri.

5-nji ýanwarda Polşanyň döwlet telekanaly “TVP” häkimiýetleriň hüjüm bilen baglanyşykda bir germaniýaly žurnalist barada derňew alyp barandyklaryny aýtsa-da, bu žurnalistiň kimdigini mälim etmedi.

42 ýaşly Oksenteýteriň Polşanyň sagçy aktiwistleri, şol sanda orsýetçi “Özgerişlik” partiýasynyň düýbini tutan we 2016-njy ýylda Orsýete we Hytaýa içalylyk etmekde güman edilip tutulan Mateusz Piskorski bilen aragatnyşyk saklaýar.

Öten hepde Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy tarapyndan Orsýetiň “Vkontakte” sosiýal ulgamynyň üsti bilen Oksenreýterden bu barada soralanda, ol Anton Şehowtowyň germaniýaly žurnalist şol bolmaly diýýän çaklamasyny “boş gürrüň” diýip ret etdi, beýleki soraglara hem jogap bermekde boýun gaçyrdy.

Oksenreýter Germaniýanyň aşa sagçy “Zuerst!”(Ilki) žurnalynyň redaktory. Ol geçen bäş ýyllykda Orsýetiň döwlet mediýasynda ýygy-ýygyndan kommentatorlyk edip, gündogar Ukraindaky Orsýet tarapdan goldalýan separatistleriň tarapyny çalyp, özüniň Günbatar mediýasynyň Moskwa garşy ýalňyş pikirleri diýýänini tankytlap geldi.

Oksenreýter soňky aýlarda hem “AfD” partiýasynyň Germaniýanyň parlamenti Bundestagdaky wekili Markus Frohnmaýere geňeşçi bolup işledi. Frohnmaýer Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli onuň garşysyna girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny berk goldaýanlaryň biri. Ol 14-nji ýanwarda beýanat bermekden saklandy.

Kazyýet diňlenişiginden öň Azat Ýewropa we Azatlyk radisynyň soraglaryna Oksenreýter tarapynadan jogap beren aklawçysy Ralf Höker 14-nji ýanwarda iberen e-mailinde öz kliýentiniň polşaly häkimiýetleriň aýdýan zatlaryndan habarsyzdygyny aýtdy.

Prokopowiçziň hüjüm barada özüne Oksenreýtariň görkezme berendigini aýdýandygy hakda soralanda Höker: “Bular ýaly beýanatdan biziň habarymyz ýok. Edilen hem bolsa, nädogrydyr” diýdi.

Oksenreýteriň polşa häkimiýetleri tarapyndan haýsy hem bolsa bir jenaýatda aýyplanyp-aýyplanmaýandygy entek belli däl.

Prokopowiçz beýleki iki adam – 25 ýaşly Tomasz Szymkowiak bilen 22 ýaşly Adrian Marglewski bilen birlikde kazyýet öňüne getirildi. Bularyň üçüsine-de faşizmi ýaýratmakda we ot bilen adamlaryň janyny howp astyna salmakda günä bilidirlýär.

Prokopowiçz terrorizmi maliýeleşdirmekde aýplanýar.

XS
SM
MD
LG