Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy göreş gaýtadan güýçlendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy görülýän çäreler gaýtadan güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň atlandyrylmasyzlygyny soran habarçynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagt ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri ýüzünde diňe uzyn däl, eýse bir-iki günlük gyrçuw sakgaly bolan adamlary we ýaş oglanlary hem saklaýarlar.

“Organ işgärleri saklan adamlarynyň resminamalaryny we telefonlaryny alýarlar. Olar adamlary açyk meýdançada ýa-da başga ýerde sakgalyny syrmaga mejbur edýärler. Şondan soňra olaryň resminamalaryny we telefonlaryny yzyna berýärler” diýip, habarçy 30-njy ýanwarda beren maglumatynda belledi.

Habarçy ýurtda ýaşaýan käbir etniki azlyklaryň öz däp-dessurlaryna görä, mysal üçin, ermenileriň ýas tutan döwründe sakgallaryny syrmaýandygyny hem ýatladýar. Ýöne ol türkmen häkimiýetleri tarapyndan olara garşy eglişigiň edilýändigi ýa-da edilmeýändigi barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny hem belleýär.

Şeýle-de, habarçy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň şäheriň dellekhanalaryna aýlanyp, delleklere sakgal syrmak bilen bagly hiç hili işi amal etmezligi duýdurandygyny hem aýtdy.

“Organ işgärleri delleklere oglanlaryň saç-sakgalyny nagyşly, çyzykly stilde almazlygy hem duýdurypdyrlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň dellekhanalarynyň biri bilen habarlaşyp, jogapkär işgärlerden özleriniň sakgallary nagyşly, çyzykly stilde alýandygyny ýa-da almaýandygyny sorady.

Anonim şertde maglumat beren jogapkär işgär şäherde sakgally gezmegiň gadagandygy barada özüniň hem habarlydygyny, ýöne müşderilere dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürlemegi dowam etdirýändiklerini aýtdy.

“Biz müşderiniň islegine görä, onuň sakgalyny aýyrýarys ýa-da oňa dürli stilde düzediş girizýäris. Ýöne müşderiniň munuň bilen şäherde nähili gezjekdigi onuň özüne bagly. Sebäbi bu müşderiniň öz gelen netijesidir” diýip, dellekhana işgäri aýtdy.

Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy gözegçiligiň güýçlendirilendigini “Hronika Türkmenistan” neşiri hem ýakynda habar beripdi.

“Polisiýa işgärleri sakgalyny syrmadyk ýaş adamlary polisiýa merkezlerine alyp gidýärler. Olar köplenç adamlary para bermäge mejbur edýärler. Polisiýa işgärleri saklanan adamlara diňe 100 manat berseler goýberjekdiklerini, ýogsa olara jerime saljakdyklaryny aýdýarlar” diýip, neşir 25-nji ýanwarda beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýurt raýatlarynyň murt, sakgal goýbermek mümkinçiligi, munuň bilen bagly ýaş ýa-da beýleki bir çäklendirmeleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada maglumat göze ilmeýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 18-nji maddasynda: “Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga..., dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr” diýilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda murt, sakgal goýberýänlere, namaz okaýanlara basyş edilýändigi, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän şahsy düzüme dini ybadatlary berjaý etmezligi tabşyrýandygy barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlaryň soraga çekilýändigini, polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň ilata aşa dinçilikden saklanmagy maslahat berýändiklerini, Azatlygyň habarçylary gürrüň berdiler.

Şeýle-de, geçen ýylyň fewralynda Daşoguzda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri namaz okaýan ýa-da metjide gatnaýan adamlary soraga çekdiler we olardan namaz okamazlygy talap edip, sakgallaryny syrypdylar.

Dünýäde din azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalarynyň ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda hökümetiň ähli garaşsyz dini hereketlere şübheli garaýandygy we dinçilere ýurduň içinde hem daşynda berk gözegçilik edýändigi bellenýär.

Beýleki bir tarapdan, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “The Muslim 500” atly dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG