Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidentlik saýlawlaryna 83 dalaşgär arza tabşyrdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem nobatdaky saýlawlarda dalaş etjekdigini mälim etdi.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem nobatdaky saýlawlarda dalaş etjekdigini mälim etdi.

Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 31-nji marta planlaşdyrylan prezident saýlawy üçin hasaba alyş dokumentleri kabul etmek işini tamamlandygyny we 83 dalaşgäriň registrasiýa edilendigini aýdýar.

Komissiýa 4-nji fewralda 28 haýyşnamanyň kabul edilip, 22-siniň ret edilendigini, galan 33 haýyşnama barada hem indi karar berilmeglidigini aýtdy.

Kanuna laýyklykda Merkezi saýlaw komissiýasy 9-njy fewraldan gijä goýman dalaşgärleriň gutarnykly sanawyny resmi taýdan yglan etmeli.

Golaýda geçirilen pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, häzirki prezident Petro Poroşenkonyň, öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenkonyň we komediýaçy Wolodymyr Zelenskiniň öňde baryjy dalaşgärler bolmagy mümkin.

53 ýaşly Poroşenko öz kandidatlygyny 29-njy ýanwarda yglan etdi. Ol ýene bir 5 ýyl möhlete dalaş edip, ýurduň Ýewropa Bileleşgine goşulmagy we NATO ýaranlygyna agzalygy hakda basyş etmegi wada berdi.

Ukrainanyň gurply adamlarynyň biri bolan Poroşenko 2014-nji ýylyň fewralynda Moskwa dostlukly garaýan prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýurtdan gaçyp çykmagyna getiren “Maýdan” protestlerinden soňra häkimiýet başyna geldi.

Ol Günbatar bilen has ýakyn integrasiýadan tarapdarlyk edip, Moskwa Ukrainanyň Krym regionyny basyp alanyndan soňra we Donbas diýlip tanalýan gündogar regionda Orsýet tarapdan goldalýan separatistlere garşy alnyp barylýan urşuň dowamynda Moskwany tankytlap geldi.

Ýurtda giňden ýaýran korrupsiýa garşy göreşde şowsuzlyga uçranlykda tankytlanylýan Poroşenko korrupsiýa işlerine garamak üçin ýörite kazyýet döredip, onuň üstümzidäki ýyl öz işine başlajakdygyny aýtdy. Günbatar resmileri Ukrainanyň abadançygynyň we howpsuzlygynyň öňünde duran uly bökdenç parahorlyk diýýärler.

Poroşenko Ukrainanyň garaşsyz prawoslaw kilisesini döretmek barada aşa köp tagalla edip, bu işi üstünlikli amala aşyrdy, ýöne onuň bu göçümine köplenç saýlawdan öň halkyň goldawyny gazanmak üçin edilen iş diýip baha berilýär.

22-nji ýanwarda prezidentlik kandidaturasyny yglan eden 58 ýaşly Tymyşenko 2004-nji ýylda “Mämişi” rewolýusiýa ýolbaşçylyk edenleriň biridir. Ol 2014-nji ýylda geçen prezident saýlawynda Poroşenkodan ýeňildi.

Tymyşenko özüni NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny çalýan dalaşgär diýip tanadyp, gündogar Ukrainada Orsýet tarapdan goldalýan separatistlere garşy uruş alyp barýan ukrain harbylaryna goldaw bildirdi.

Hasaba alnan dalaşgärleriň arasynda premýer-ministriň öňki orunbasary Ýuriý Boýko-da bar.

XS
SM
MD
LG