Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2018-nji ýylda Türkmenistan kesgitlenen plandan iki esse az pagta we üç esse az galla öndürdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

2018-nji ýylda Türkmenistanda döwlet tarapyndan kesgitlenen plan borçnamasyndan iki esse az pagta we üç esse az galla öndürildi. Şeýle sanlar “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaksiýasyna gelip gowşan Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hasabatlarynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumat geçen ýylyň dekabr aýynda gelip gowuşdy. Redaksiýa bu maglumaty ikinji bir çeşmä tassyklatmak başartmandygy sebäpli, ony köpçülige mälim etmekden saklanypdy.

“Hronika Türkmenistan” neşiriniň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 8-nji fewralda beren maglumata görä, 2018-nji ýylda ýurtda 450 müň tonna pagta hasyly ýygnaldy. Ýöne resmi Aşgabat 1 099 236 tonna pagta hasylynyň alnandygyny yglan etdi.

Neşir öz maglumatynda şeýle sanlardan diňe ýurduň hökümetiniň habarlydygyna we bularyň hiç haçan resmi taýdan çap edilmeýändigine hem ünsi çekýär.

“Geçen ýyl ýurtda döwlet tarapyndan kesgitlenen 1 million 600 müň tonna bugdaý plan borçnamasyna derek 538 müň tonna galla hasyly alyndy. Munuň 30%-ni ulanyş üçin peýdaly bolmadyk däne emele getirýär” diýip, neşir aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi 2018-nji ýylda ýurtda pagta plan borçnamasynyň 50%-niň hem berjaý edilmändigini, şol sebäpli welaýat we etrap ýolbaşçylarynyň örän aljyraňňy ýagdaýdadygyny baryp dekabr aýynda habar beripdi.

“Welaýat, etrap ýa-da daýhan birleşikleriniň resmileri adamlary pagta meýdanlaryna diňe, hamala, pagta bar we ýygylýar ýaly edip görkezmek üçin alyp gidýärler. Hakykatda meýdanlarda pagta ýok diýse-de boljak” diýip, Azatlygyň anonim şertde maglumat beren çeşmesi dekabr aýynda aýdypdy.

Azatlyk Radiosy howanyň temperaturasy 5 gradusa çenli ýetýän noýabr we dekabr aýlarynda býujet işgärleriniň we esgerleriň gowaçanyň gozasyna ilişip galan pagtanyň iň soňky hanasyny, ýagny gozasy açylmadyk gowaçalary açyp, olaryň heniz bişmedik, çig pagtasyny hem ýygmaga mejbur edilýändigini habar beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen metbugaty geçen ýylyň 9-njy noýabrynda ýurtda 2018-nji ýyl üçin 1 million 50 müň tonna diýlip kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini yglan etdi.

Beýleki bir tarapdan, resmi metbugatda geçen ýylyň iýul aýynyň ahyrynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça diňe töwerekläp, bugdaý meýdanlaryndan “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýildi. Döwlet tarapyndan kesgitlenen bugdaý plan borçnamasy 1 million 600 müň tonna barabardy.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl welaýatlaryň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýdyp, 10-dan gowrak etrap häkimini we olaryň orunbasarlaryny wezipesinden boşatdy.

21-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda prezident 2018-nji ýylda käbir etrap häkimleriniň welaýatlarda Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändigini, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem üstünlik gazanmagy başarmandygyny we başga-da köp kemçiliklere ýol berendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet baştutany öňümizdäki ýyldan başlap pagta planyny artdyryljakdygyny hem mälim etdi.

1-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda prezident 2019-njy ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky buýruga gol çekdi we geljek ýyldan pagta öndürmegiň 1 million 250 müň tonna çenli artdyryljakdygyny aýtdy.

“Pagta kampaniýasy”, “Human Rights Watch” ýaly halkara hukuk toparlary we “Global gulçulyk indeksi” ýaly halkara hasabatlarynda Türkmenistan ýurduň oba hojalygynda mejbury zähmeti ulanmakda ýylyň-ýylyna tankyt edilýär.

Emma türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada kelam agyz söz aýtman, kärendeçileriň “pagta ýygymyna uly höwes bilen gatnaşýandygyny” öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG