Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan Frankfurta barýan ýolagçylar sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürildi


Aşgabadyň halkara aeroporty, 2018
Aşgabadyň halkara aeroporty, 2018

Aşgabadyň aeroportunda ýewropa ýurtlaryna barýan ýolagçylaryň sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlar Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Aşgabat-Franktfurt T5 463 reýsiniň ýolagçylarynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, 5-nji ýanwarda uçara 10-dan gowrak adam goýberilmändir.

Şol ýolagçylardan biriniň şahsyýeti Azatlyga mälim, emma biz onuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly adyny efirde agzamakdan saklanýarys.

“Bu geçen şenbe güni boldy. Reýs T5 463. Onuň elinde ähli rugsat kagyzlary bardy. Hiç hili düzgün bozulmandy. Emma hiç hili düşündiriş bermezden ony reýsden düşürdiler” diýip, agzalan uçaryň ýolagçylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 11-nji ýanwarda habar berdi.

Azatlyk Radiosyna agzalan reýsi amala aşyrýan “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan, şeýle-de Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa resmilerinden aýdylýan bu ýagdaýlar barada kommentariý almak başartmady.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçar tertibinde görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Frankfurta uçarlar her şenbe güni sagat 12:00 gatnaýar.

Dekabryň ortalarynda Aşgabatdan Pariže gatnaýan reýsler ýatyrylypdy. Munuň bilen baglylykda Pariže barýan ýolagçylar hem Frankfurtyň üsti bilen uçmaga mejbur boldular.

Mundan öň 13-nji dekabrda Aşgabadyň aeroportunda Pariže barýan uçaryň registrasiýasy ýaňy başlanyp, dessine tamamlanypdy we sebäbi düşündirilmezden wagtyndan esli ir ugran uçaryň ýolagçylarynyň ençemesi gidip bilmän, ýolundan galypdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 11-nji ýanwarda habar bermegine görä, geçen şenbe güni uçardan düşürlen ondan gowrak ýolagçy esasan ýaşlardy.

Mundan öň ýolagçylar, ilkinji nobatda-da ýaşlar Stambula we Dubaýa barýan reýslerden köpçülikleýin düşürilýärdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri ýewropa ýurtlaryna barýan raýatlaryň uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň öň örän seýrek bolandygyny belleýärler we häzir bu ýagdaýlaryň döremegini ýurt häkimiýetleriniň raýatlaryň ýurduň daşyna migrasiýasyna gözegçiligini güýçlendirmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

“Ýurtdan gidýänlere gözegçiligi pugtalandyrmak hakynda görkezme berlendigi barada maglumatlar bar” diýip, Azatlygyň çeşmeleriniň biri belledi.

Türkmenistan ýurduň daşyna gidýän raýatlarynyň sany barada statistiki maglumatlary çap etmeýär. Şol bir wagtda-da, ýerli synçylar, gazanç, okuw üçin gidýänleriň we hemişelik göçüp gitmek üçin mümkinçilik gözleýänleriň köpdügini belleýärler.

“Iň aktiwleri Lebap we Daşoguz, bu ýerde obalar gözümiň alnynda boşap galýar. Köp adam Özbegistana gitdi, örän köpüsi Türkiýä, häzir Orsýete hem ugrap başlady”diýip, Azatlygyň Türkmenistanky habarçysy aýdýar.

Dekabr aýynda Daşogzuň migrasiýa gullugynyň öňünde daşary ýurt pasportyny almak üçin uly nobatlar döredi. Şol bir wagtda-da Aşgabatda Orsýetiň konsulhanasynyň öňünde orsýet wizasyny we göçmek üçin rugsat almak isleýänleriň uly nobatlary emele geldi. Hususan-da, 21-nji dekabrda günüň aýagynda bu ýerde 170-200 adam nobata durdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi, şol sanda ýolagçylaryň uçardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlary, zähmet migrasiýasy ýaly meseleleri açyk gozgamaýar. Şol bir wagtda-da, ýurduň daşynda zähmet çekýän migrantlary yzyna ýurda gaýtarmak boýunça dürli çäreleri amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG