Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply telekeçiler 'ösen para medeniýetinden' şikaýat edýärler


Türkmenistan. Polisiýa işgärleri

Lebap welaýatynyň Köýtendag, Döwletli, Magdanly we Hojambaz şäherçeleriniň ownuk telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşaýjylarynyň birnäçesi Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolup, polisiýa işgärlerine para bermegiň adaty iş düzgünine öwrülendigini gürrüň berdiler.

Atlarynyň aýdylmazlygyny soran telekeçileriň sözlerine görä, olar öz hususy ulaglarynda ýa takside Kerki şäheriniň bazaryndan obalaryndaky dükanlarynda satmak üçin haryt alyp çykanlarynda, polisiýanyň barlag nokadyndan geçmek üçin 25 manatdan 50 manada çenli para bermäge mejbur bolýarlar.

Eger şol parany bermeseň, seni Kerkiniň polisiýa bölümine alyp gidýärler we telekeçilik etmäge kanuny hukuk berýän dokumentleriňi, salgyt gullugyna tölän tölegiň, saglygyň we beýlekiler baradaky resminamalary görkezmegi talap edýärler we hökman bir bahana tapyp, lomaý söwda bazaryndan alyp gelýän hatlaryňy konfiskasiýa etjek bolýarlar” diýip, köýtendagly telekeçi aýtdy.

Kerkiniň polisiýa bölümine alnyp gidilen telekeçileri azyndan iki sagatlap sorag edýärler, eger ähli soraga jogap berip, sag-aman gutulaňda hem, şondan soň harytlaryňy alyp, öýüňe aşýançaň polisiýa bermejek bolan 50 manat paraň iki esse bolup çykýar” diýip hojambazly telekeçi hem Azatlyga öz başyndan geçenleri gürrüň berdi.

Telekeçileriň tassyklamagyna görä, bu tejribeler adamlary “polisiýa bilen kejeleşmekden peýda ýok, gowusy soran puluny ber-de, olardan basymrak ara açjak bol, ýogsa has kän zyýan çekersiň” diýen akyla eýermäge mejbur edýär.

Bu ýagdaý para alýan polisiýa işgärleriniň öz bikanun işlerini arkaýyn dowam etdirmegine giň ýol açýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Mundan başga, Kerkiniň barlag nokadynda durýan polisiýa işgärleri diňe ownuk telekeçileri däl, eýsem öz hojalygy üçin azyk alyp gelýän adamlary hem para bermäge mejbur edýärler diýip, Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Eliňde puluň bolsa, gatnap durmaz ýaly, zaýalanmajagrak zatlary köpräkden alyp goýýarsyň. Üstesine, bar wagty almasaň, hemişe gerek zadyň elýeterli bahadan tapdyryp hem duranok. Emma sähel bolrak alan zadyňy görse, polisiýa yrsarap başlaýar. “Munça zat siziň öýüňizde iýilmez, siz olary Özbegistana äkidip, gymmat bahadan satjak bolýarsyňyz” diýýär. Onsoň 10—15 manat berip, sag-aman sypsaň razy bolýarsyň” diýip, Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Kiçi şäherçeleriň ýaşaýjylaryny, şol sanda kiçi telekeçileri Kerki bilen aralykda gatnatmak bilen meşgullanýan hususy taksiçiler hem polisiýadan şikaýat edýärler.

Biziň nyrhymyz ownuk telekeçileriňkiden hem ýokary, 50-80 manat aralygynda, şony berseň, hiç bir problema ýok, bermeseň – işiň harap” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran kerkili taksiçi aýtdy.

Türkmenistanyň ýollarynda hökmany kada öwrülendigi aýdylýan para medeniýetini “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bilen söhbetdeş bolan maryly, ahally telekeçiler hem tassyklaýarlar.

Baýramalydan çykanymyzda ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri bizden her maşyn üçin 20-25 manat talap edýär. Lebap welaýatyna gelip girenimizde bolsa, ýerli polisiýa işgärleri bizden 50 manatdan az pul almaýar” diýip, maryly telekeçi aralykdaky ona golaý barlag nokadynda hem para bermeli bolýandygyny aýtdy.

Umuman, Baýramalydan Türkmenabada bir gezek baryp-gelmek üçin diňe polisiýa işgärlerine 1200-1300 manat möçberinde pulumyz gidýär” diýip, TH maryly telekeçä salgylanyp, barha ösýändigi aýdylýan 'para medeniýeti' hakynda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG