Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguz-Aşgabat, Aşgabat-Mary-Lebap ýollarynda sürüjilerden alynýan para 'ýokarlandy'


Polisiýanyň ýol gözegçisi sürüjiniň dokumentlerini barlaýar. Tejen, aprel, 2018.

Azatlyk radiosynyň ýerli çeşmeleri Daşoguz-Aşgabat, Aşgabat-Mary-Lebap aralygyndaky sebitara ýollarynda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň sürüjilerden alýan paralarynyň möçberiniň üç esse ýokarlanandygyny habar berýärler.

Читайте также на русском

“Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri gum içinde elleri radarly, sazaga bukulyp durup, ýokary tizlikde gelýän awtomobili saklasalar, 40 manat para berilmese, protokol ýazyp, has köp çykdaja goýmak haýbatyny atýarlar” diýip, Azatlygyň ynamdar çeşmesi 15-nji iýunda habar berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, iki aý mundan öň hem şeýle ýagdaýda saklanan sürüjiden alynýan paranyň möçberi 10 manatdan geçmeýärdi.

Bu habar ýurtda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlarynyň tas 30 manada ýetip, soň ýene aşak, 20 manada çenli peselen, azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýan we käbir önümleriň nobatlarynyň ulalýan wagtyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, ‘manat-dollar’ krizisiniň çuňlaşmagynyň fonunda ýurduň güýç gurluşlarynda nobatdaky kadr çalyşmalary geçirildi: MHM-niň başlygy D.Baýramow “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylsa, mundan ozal iň kän käýinç alyp tanalan I.Mulikowyň, IIM-niň başlygynyň harby çini ulaldyldy.

Ýerli synçylar Mulikowyň ýokarsyndaky “goýy bulutlaryň” birden dargamagynyň sebäbini onuň “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlygyň çäginde döwlet baştutanynyň “göwnüni awlamagy” başarmagy bilen düşündirýärler.

“Mulikow ilki prezidente gymmatbaha sport awtoulagynyň sowgat berilmegini gurnady, Berdimuhamedow bu awtoulagy ogly Serdar bilen synagdan geçirdi we öz sürüjilik ussatlygyndan has-da hoş boldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 67 ýaşly aşagabatly synçy aýtdy.

Türkmen mediasynyň habarlaryndan mälim bolşy ýaly, maýyň ortalarynda Türkmenistanyň “Amul-Hazar” awtorallisine gatnaşjak komandasynyň agzalaryny seçmek üçin ýaryş geçirildi we ol ýaryşa prezident Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

“Elbetde, prezidentiň bu ýaryşda IIM-niň awtoulag sporty merkeziniň professional sürüjisinden üstün çykmagy we iki gün soň rallä gatnaşmaga hukuk berýän sertifikat almagy hem Mulikowyň hyzmaty” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Emma resmi metbugatda içeri işler ministriniň harby çininiň bu hyzmatlary üçin ulaldylandygy aýdylmaýar.

Şol bir wagtda çeşmeler sürüjileriň ýol gözegçilik polisiýasyna sowet ýyllaryndan bäri mahsus bolan parahorlukdan nägileliginiň barha artýandygyny, sebäbi indi polisiýanyň para almagy üçin sürüjileriň köçe-ýol hereketiniň ol ýa-da beýleki düzgünini bozmagynyň hem gerek däldigini habar berýärler.

“Uly ýollardan gatnaýan sürüjiler diňe maşyny kesgitlenen tizlikden ýokarda süreni üçin däl, polisiýanyň gözegçilik nokadynyň deňinden geçmek üçin hem para berýärler diýip, Azatlyk bilen gürleşen lebaply we maryly sürüjileriň ikisi-de bu diýilýän ‘nägileligi’ tassyk etdi.

“Aşgabat bilen Lebap aralygynda ýöl-gözegçilik polisiýasynyň ona golaý nokady bar, bu nokatlarda sürüjiler köplenç polisiýa saklamasa-da durup, säginip geçýärler. Ýazylmadyk kada boýunça, bu nokatlarda indi polisiýa işgärine 10 manat para bermeli. Ozal bu ‘meýletin-mejbury’ paranyň möçberi 5 manatdy” diýip, lebaply 45 ýaşyndaky sürüji gürrüň berdi.

“Eýsem, ýolda polisiýa tarapyndan saklanmadyk sürüjiler näme üçin durup, polisiýa işgärine para berýär?” diýlip soralanda,ol sürüjileriň polisiýa yrsaramalaryndan gorkup, öňünden gaçýandyklaryny, ýagny köp gatnaýan ýollaryndaky ýol gözegçilerini özlerine ‘duşman etmejek’ bolýandyklaryny aýtdy.

“Polisiýa işgäri yrsarasa, ýönekeý raýatyň elinden geljek zat ýok; adamlar arz edip, aljak galalarynyň bolmajagyna, dawalaşsalar özlerine däl-de, polisiýa işgärine ynanyljagyna we netijedegoşa çykdaja galjagyna bireýýäm göz ýetirdiler” diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen maryly sürüji hem bu aýdylýanlary tassyk etdi.

Şu aralykda, sebitara ýollaryndan köp gatnaýan sürüjileriň sözlerine görä, awtomobilleriň ätiýaç şaýlarynyň, ýagynyň hem bahasy gymmatlap, 5 litrlik motor ýagynyň bahasy 120 manat bolanlygyndan 500 manada baryp ýetdi.

“Döwlet Mulikowyň ýol gözegçilerine hem göz aýlasa gowy boljak, olar eginleri pagonly basmaça döndüler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly sürüji aýtdy.

Teswirleri gör (8)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG