Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şäher prokuraturasy, bilim edaralary Aşgabatda mekdepleri barlaýar, mugallymlar çärelerden nalaýar


Bilim güni Aşgabatda bir mekdep. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Bilim güni Aşgabatda bir mekdep. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde häkimiýetler barlag işlerini geçiýärler. Olaryň geçirýän barlaglary üç topara bölünýär – derňew barlagy, frontal barlag we bilim barlagy.

40 gün bäri ýaýbaňlanýan barlaglaryň her haýsysyny döwletiň aýrybaşga edaralary ýöredýär. Azatlyk Radiosynyň paýtgatly habarçysy mekdeplerde alnyp barylýan barlaglar barada 19-njy fewral güni giňişleýin maglumat berdi.

Derňew barlaglary

“Barlaglaryň ilkinji görnüşi magaryf sistemasynda juda seýrek bolýan ýagdaý. Bu belli-belli ýagdaýlarda; ýörite arza ýazylsa, ýa-da bolmasa mekdepde edilen jenaýatyň üsti açylanda geçirilýär. Ynha bu ýyl, şäheriň mekdepleriniň tas ählisinde prokuraturanyň işgärleri barlag geçirýär” diýip, ýurduň magaryf pudagyndan habarly hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Eýsem, prokuraturanyň işgärlerini mekdeplerde näme gyzyklandyrýar?

“Olar birinjilik bilen klas žurnallaryny barlaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Mugallymlar klas žurnallaryny başly-baratly dolduran bolsa, ýa-da klas žurnalyny dolduryp, ýöne žurnala baha goýmadyk bolsa, bu barlagçylaryň ünsüni çekýär.

“Prokuraturanyň işgärleri klas žurnalynda okuw güni okuwçylara baha goýulmadyk bolsa, şol sapaklary şol gün geçilmedi hasaplap, geçilmedik sapak üçin mugallymlaryň alan aýlyklaryny yzyna geçirmegi talap edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, prokuraturanyň işgärleri geçilmedik sapaklar üçin ýörite töleg kesgitleýär hem-de mugallymyň degişli bilim bölüminiň bank hasabyna sapak geçilmedik gün üçin alan aýlygyny yzyna tölemegi talap edýär.

Azatlygyň habarçysy paýtagtyň 60-njy, 160-njy, 54-nji, 50-nji, 18-nji we 55-nji mekeplerinde alan aýlygynyň kesgitlenen bölegini agzalýan ýagdaýlar sebäpli yzyna tölän mugallymlaryň bardygyny aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, mugallymlar sapak geçilmedik güni özleriniň çärä gatnaşdyrylandygyny aýdýar. Ýöne prokuraturanyň işgärleri bu jogaby “esassyz bahana” hökmünde kabul edýär:

“Okuwçylary şol gün çärä äkiden hem bolsaň, soňky sapaklarda geçilmedik günüň öwezini dolmaly ekeniň!” diýýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy prokuraturanyň barlag geçirýän işgärleriniň sözlerini getirýär.

Türkmenistanyň bilim sistemasynda klas žurnallaryny sowet döwründen galan tejribeler esasynda doldurmak heniz hem saklanyp galýar.

Habarçynyň sözlerine görä, “biz çärä gidelimi, ýa sapak geçelimi!?” diýip, köp sanly paýtagtly mugallym zeýrenýär.

Frontal barlaglar

Türkmenistanyň Bilim Düzgünnamasyna laýyklykda, frontal barlaglar, ýagny düýpli barlaglar ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerinde her dört ýylda bir gezek geçirilýär. 12-nji ýanwardan bäri ýaýbaňlanýan frontal barlaglary paýtagtyň şäher bilim bölüminiň hem-de şäheriň degişlilikdäki etrap bilim bölümleriniň hünärmenleri alyp barýar.

Paýtgatly habarçynyň sözlerine görä, bu barlaglarda bilim bölümlerı tarapyndan döredilen komissiýalar mekdeplere aýlanyp, mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşýar:

“Düýpli barlaga gelenler mugallymlaryň iş planlaryny barlaýarlar; okuw prosesinde kabul edilen normatiwler amal edilýärmi ýa-da edilenokmy, şoňa üns berýärler. Diktantlar, beýannamalar nähili ýazylýar, şolara baha berýärler” diýip, efirde atlandyrylmazlygyny soran aşgabatly mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şäher bilim bölüminde işleýän bir hünärmeniň Azatlygyň habarçysyna tassyklamagyna görä, şu wagta çenli Aşgabadyň 70-den gowrak mekdebinde frontal barlag geçirildi. “Bu adaty barlag” diýip, paýtgatly mugallyma aýdýar.

Bilim barlaglary

“Barlaglaryň üçünji görnüşi ýaňy başlandy. Ony Bilim ministrliginiň hünärmenleri geçirýär” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, frontal barlaglarda barlagçylar klaslardaky yzky partalarda oturyp sapaga gatnaşýar, okuwçylaryň we mugallymlaryň ýetişgine syn berýär. Ýöne agzalýan bilim barlaglarynda Bilim ministrliginden ugradylan ýörite komissiýanyň işgärleri sapak geçip, okuwçylaryň ýetişigini barlaýar. Mugallym we mekdep ýolbaşçylary yzky hatarlarda oturyp olaryň sapagyna gatnaşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçirýän hökümet maslahatlarynda wagtal-wagtal ýurduň bilim pudagyny, kadrlaryň ýetişigini tankytlaýar.

XS
SM
MD
LG