Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýygnak geçirip, ýene-de bir gezek ýurduň obasenagat toplumyny maslahat etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli maslahat geçirýär. 7-nji ýanwar, 2019-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli maslahat geçirýär. 7-nji ýanwar, 2019-njy ýyl.

18-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly sanly iş maslahatyny geçirdi.

Oňa käbir wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdyryldy. Mejlisde beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň obasenagat toplumy ýene-de bir gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bular barada TDH ýazýar.

Prezident ýylyň başyndan bäri ýokary wezipeli resmiler bilen azyndan 20-ä golaý gezek duşuşyp ýygnak geçirdi. Duşuşyklarda ýurduň obasenagat toplumyny ösdürmek meselesi ýygy-ýygydan gün tertibine getirildi.

Bu soňky mejlisde-de şeýle boldy. Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi Amangeldiýewi ýygnaga çagyryp, meýdan işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmegi tabşyrdy.

Ýygnakda Balkan welaýatynyň häkimi Gylyjowa welaýatda bugdaý ekilen ýerlere ideg etmegi, ösüş suwuny wagtynda tutmagy hem-de olary mineral dökünler bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýewe ekerançylykda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmegi hem-de heniz ekilmedik gowaçanyň ýuwuş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Atahallyýew bilen Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýewe-de oba hojalyk işlerini gözgeçilikde saklamak tabşyryldy.

Türkmenistan tapgyr iki ýyl bäri bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmäni gelýär. 2018-nji ýylda ýygnalan bugdaý hasylynyň anyk möçberi resmi ýagdaýda yglan edilmedik hem bolsa, döwlet mebugatynda ýurtda geçen ýyl 1 milliondan gowrak gallanyň ýygnalandygy habar berildi.

Ýöne “Hronika Türkmenistan” neşiri 2018-nji ýylda Türkmenistanda döwlet tarapyndan kesgitlenen bugdaý plan borçnamasyndan üç esse az bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi. Şeýle-de, maglumata görä, geçen ýyl Türkmenistanda göz öňünde tutulan pagta plan borçnamasyndan iki esse az pagta hasyly ýygnaldy.

Prezident Berdimuhamedow 15-nji fewralda geçiren ýygnagynda-da ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe meýdanlardaky bugdaýa suw tutup, olary mineral dökünler bilen wagtynda ideg etmek barada tabşyryk berdi.

Beýleki tarapdan Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanly kärendeçi daýhanlar mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.

18-nji fewralda Lebap welaýatynyň käbir daýhan birleşikleriniň birnäçe gallaçy kärendeçisi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolup, özleriniň mineral dökünleri bilen wagtynda we doly üpjün edilmeýändigini gürrüň berdiler.

Maglumata görä, daýhan birleşikleriň jogapkär wekilleri kärendeçilere öz hasaplaryna mineral dökün satyn almagy maslahat berýärler. Ýöne kärendeçiler azot döküniň hususyýetçilerde örän gymmat bahadan satylýandygyny nygtaýarlar.

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 760 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Türkmen gallaçylary 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne hasylyny ýygnamak bilen borçlandyryldy.

Galyberse-de, ýylyň başynda prezident Berdimuhamedow gündogar müçenamasyna görä, 2019-njy doňuz ýylynyň hasylly we bereketli ýyl boljakdygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG