Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow prokurorlaryň ak ýürekli işlemelidigini nygtaýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow prokurorlaryň ak ýürekli işlemelidigini nygtady. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seretdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň hasabatyny diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli hünärmenleri seçip almagyň wajypdygyny belledi.

Şeýle-de neşir prezidentiň kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli okuw guramak babatda tabşyryk berendigini, prokuratura işgärleriniň öz wezipelerini ak ýürek bilen ýerine ýetirmelidigini nygtandygyny habar berýär.

Habarda Berdimuhamedowyň ýokary hänärli hünärmenler we ak ýürek bilen işlemek meselelerini gozgamagynyň sebäbi anyklaşdyrylmaýar.

Döwlet baştutany 25-nji ýanwarda geçiren howpsuzlyk geňeşinde Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Içeri işler ministrligine birikdirdi. Bu birikdirme ykdysady kynçylyklaryň fonunde geçirilýän ştat kemeltmeleriniň gürelen wagtyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bu karara gullugyň direktory Maksat Hudaýkulyýewiň 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyny diňländen soň geldi.

Ýöne habarda prezidentiň ýylyň dowamynda korrupsiýa garşy göreş boýunça geçirilen işlerden kanagatlanandygy ýa-da nägile bolandygy anyklaşdyrylmady.

Türkmenistanyň B.Atdaýewden öňki baş prokurory Amanmyrat Hallyýew 2017-nji ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagaly bilen bagly işden boşadyldy.

Şol wagt öňki baş prokuror bilen birlikde ýurduň prokuratura we içeri işler edaralarynyň 50 çemesi işgäriniň tussag edilendigi hakynda maglumatlar çykdy.

Synçylar soňky onýyllyklarda Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralara işe alynýan hünärmenleriň hünär taýýarlygynyň peselendigini, prokuratura, sud, polisiýa we gümrük işgärleriniň arasynda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu pudaklaryň ýolbaşçylaryny neşe söwdasyna goşulmakda we beýleki bidüzgünçiliklerde tankyt edýärdi we öz döwründe ýolbaşçy işgärlere garşy gozgalan jenaýat işleri barada beren hasabatlary bilen giňden tanalan baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany “prokuraturany parahana öwürmekde” aýyplady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG