Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam söwdasynda aýyplanýan türkmenistanlynyň tussag edilişiniň wideosy internetde peýda boldy


illýustrasiýa suraty

Orsýetiň media serişdelerinde Interpol tarapyndan gözlenýän Türkmenistanyň raýatynyň Orsýetiň Twer regionynda ele salynan purasynyň wideosy ýerleşdiridli.

26 fewralda Tverigrad.ru informasion portaly Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň Twer regiony boýunça edarasynyň operatiw wideosyny çap etdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň Twer regiony boýunça edarasy operasiýanyň polisiýanyň we "Rosgwardiýa" ýörite topary tarapyndan bilelikde amala aşyrylandygyny habar berdi.

Media maglumatlaryna görä, tussag edilen Türkmenistanda adam söwdasy, ýaraga, ok-därilere we partladyjy serişdelere bikanun eýe bolmak, saklamak, satmak, şeýle-de adamy janyna kast etmeklige itermek sebäpli gözlenýär. Onuň ady agzalmady.

Onuň 5 fewralda saklanyp, 7-nji fewralda Zawolžskiý etrap sudy tarapyndan bir aýlyk möhletli tussaglyga höküm edilendigi we häzirki wagtda onuň Türkmenistana ekstradisiýa edilmegi barada meselä seredilýändigi habar berildi.

8-nji fewralda tvernews.ru neşri Twer oblastyndaky federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Türkmenistanyň raýaty, halkara derejesinde gözlegi yglan edilen B.Ý.Satybaldyýewi tutup saklandygyny habar beripdi.

Satybaldyýew Daşoguz welaýat prokuraturasynyň uly sülçüleriniň tabşyrygy boýunça saklanyldy, ol agyr jenaýatlarda, şol sanda adamy özüni öldürmek ýagdaýyna eltmekde ýa-da gorkuzyp özüni öldürmäge mejbur etmekde, ýowuz daramakda, bikanun ýarag saklamakda we ýarag söwdasynda, adam gaçakçylygynda aýyplanýar.

Tweriň Zawolžsk raýon sudy B.Ý.Satybaldyýewi bir aýlap, 2019-njy ýylyň 5-nji martyna çenli tussagda saklamak hökümini çykarypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG