Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly söwdegärlerden TSTB birleşiginiň önümlerini satmak talap edilýär


Teke bazary, Aşgabat

Aşgabadyň bazarlarynyň administrasiýalary azyk satýan söwdegärlerden ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) kärhanalarynyň öndürýän azyk önümlerini satmagy talap edýärler. Bu barada Azatlygyň habarçysy 7-nji fewralda Aşgabatdan habar berýär.

Habarçymyzyň söwdegärlere salgylanyp, habar bermegine görä, bazaryň ýolbaşçylary bu talabynyň sebäbini satyjylaryň satýan öz önümleriniň gymmatdygy, şeýle-de olaryň barlagdan geçmändigi bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosyna bu talabyň sebäplerini we jikme-jiklerini paýtagtyň bazarlarynyň administrasiýalarynyň özlerinden anyklamak başarmady.

Türkmenistanyň paýtagtynda azyndan 11 sany uly bazar bar, birnäçesi Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň garamagynda.

Il içinde "Mir bazary" diýlip tanalýan bazar, Parahat-7 we Parahat-8 etrapçalaryň arasynda ýerleşýän Bereketli-1, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Bereketli-2 bazarlary, şeýle-de "Altyn asyr. Gündogar" we "15 ýyl abadançylyk" ýaly uly bazarlar bileleşige degişli.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häkimiýetler bazarlarda söwdegärleriň satýan harytlarynyň bahasyna gözegçiligini dekabr aýynyň başynda güýçlendirdiler. Emma harydyň ýüzünde görkezilen nyrhdan satylýan önümleriň hili köplenç pes bolýar we alyjylara saýlamaga rugsat berilmeýär.

Azyk önümlerini resmi taýdan kesgitlenen belli bir bahadan satmak talaby bazarlarda goşa nyrhlaryň ýöremegine getirdi.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, söwdegärlerden edilen soňky talap has ýokary hilli harytlaryň indi gizlinlik bilen tekçeleriň aşagyndan satylmagyna sebäp boldy.

"Şu günler pomidoryň bir kilogramynyň görkezilýän bahasy 6-8 manat. Emma hili gowurak pomidorlar tekçeleriň aşagyndan 11-12 manada satylýar" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzirki nyrh gözegçiligi ilkinji nobatda miwe we gök önümlerine, şeýle-de ete degişli.

"Etiň resmi bahasyndan 18 manada diňe süňk we malyň öýkeni ýaly zatlary berýärler, eti 30 manatdan satýarlar" diýip habarçymyz 7-nji martda habar berdi.

Aşgabadyň bazarlarynda zähmet çekýän söwdegärleriň habarçylarymyza aýtmagyna görä, häkimiýetleriň baha gözegçiligi söwdanyň manysyny gaçyryp, söwdegärleri girdejiden kesýär we olaryň işden çekilmegine sebäp bolýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň bazarlarynda kärende tölegleriniň ortaça nyrhy dükanyň bir kwadrat metri üçin her aýda 164 manada, tekçeler üçin günde 3-4 manada barabar. Arassaçylyk kitapçalary we elektrik togy ýaly tölegler goşmaça tölenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG