Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iş ýerleriniň garaşylýan çäklendirmeleriniň fonunda işgärleriň milleti hasaba alynýar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň söwda we transport pudaklaryna degişli döwlet edaralarynda işgärleriň sanawy düzülip, olaryň wezipesi we milleti hasaba alynýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 11-nji martda habar bermegine görä, täze talap, hususan-da, Aşgabadyň söwda edarasyna, Döwlet söwda edarasyna we Söwda gözegçilik edýän döwlet gullugyna degişli.

Bu edaralaryň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, köpler bu düzgün barada geçen hepdede bilip galypdyr.

"Aşpromtorga we transporta degişli guramalarda işgärleriň wezipeleri we milleti görkezilen sanawlaryny gyssagly talap etdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda döwlet kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda milli azlyklaryň wekilleri, döwlet pudagynyň edaralarynyň bileşmegi bilen baglylykda garaşylýan iş çäklendirmelerinden alada edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti ministrlikleriň we edaralaryň, şol sanda söwda we transporta degişli strtukturalaryň düýpli özgerdiljekdigini ýanwar aýynyň aýagynda yglan edipdi.

29-njy ýanwarda birnäçe ministrligiň, döwlet komitetiniň we edaranyň özgerişliklere sezewar boljagy, birnäçesiniň ýapyrylyp, ençemesiniň birleşdirilýändigi, käbirleriň esasynda täze edaralaryň dörediljekdigi resmi mediada habar berildi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, bu çäre ýurduň düýpli ösüşine getirmeli we dolandyryşy kämilleşdirmeli. Şeýle-de, şonda ençeme döwlet kärhanasynyň eýeçiliginiň görnüşiniň üýtgediljekdigi, olaryň paýdarlar jemgyýetine öwrüljekdigi ýa-da hususylaşdyryljakdygy aýdyldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan döwlet edaralaryň işgärleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda döwlet strukturalaryň birleşmeginiň fonunda işgärler işsiz galmakdan howatyrlanýarlar.

"Adamlar işgärleriň sanynyň çäklendirilmeginden we özleriniň milleti sebäpli işden çykarylyp bilinjeginden alada edýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Gecmişde Türkmenistanyň döwlet edaralarynda iş orunlarynyň köpçülikleýin çäklendirilmegi ençeme gezek amala aşyrylypdy. Soňky ýyllarda ýurduň nebit-gaz pudagyna degişli birnäçe edara dargadylypdy.

1990-njy ýyllarda birnäçe pudakda, şol sanda bilim we saglygy saklaýyş ugurlarda onlarça müň adam, şol sanda milli azlyklaryň wekilleri işsiz galypdy.

"Öň işgärler familiýasyna görä işden çykarylýardy, emma olaryň milleti resmi taýdan hasaba alynmaýardy" diýip, habarçymyz belleýär.

2018-nji ýylyň güýzünde Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň güýç edaralarynyň işgärlerinden öz dokumentlerinde milletini türkmen diýip görkezmegiň talap edilýändigini habar beripdi.

Geçen ýylyň maý aýynda Daşoguzda mekdep ýaşyndaky we has kiçi çagalaryň milletiniň hasaba alynýandygy mälim bolupdy.

Türkmenistanda türkmenlerden başga milletleriň wekilleriniň resmi sanlar çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG