Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň milli azlyklary ÝHHG-niň resmisinden tapawutlylykda öz hukuklarynyň berjaý edilişinden kanagatly däl


ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça baş komissarynyň wekili Lamberto Zannier

ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça baş komissarynyň wekili Lamberto Zannier Türkmenistanda milli azlyklaryň bähbitleriniň üpçün edilmegindäki “oňyn dinamikany” belledi. Bu barada ÝHHG-niň resmi websaýtynda aýdylýar.

“Meselem, men Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça bilim programmasynda has möhüm rol oýnamaga gyzyklanma bildirmegine şat, bu regional resmilerini köp dilli bilim ugrunda tejribe paýlaşmak üçin birleşdirýär”, diýip Zannier Türkmenistana eden saparynyň dowamynda belledi.

20-23-nji noýabrda ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça resmisi özbekleriň köplük bolup ýaşaýan regiony – Daşoguz welaýatyna sapar etdi.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, 23-nji noýabrda jenap Zannier Aşgabatda geçirilen milli azlyklaryň Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna aralaşmagy baradaky “tegelek stol” diskussiýasyna hem gatnaşypdyr.

“Gatnaşyjylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty mynasybetli adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi meselesiniň türkmen döwletiniň üns merkezinde durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler”, diýip türkmen metbugaty habar berdi.

Türkmenistanda ýaşaýan azlykdaky milletleriň wekilleri bolsa türkmen hökümetiniň özleri babatyndaky syýasatyny “iňňän milletçilikli” hasap edýärler we Türkmenistanda öz dillerini hem milli däp-dessurlaryny saklamak üçin mümkinçiligiň düýpden ýokdugyny aýdýarlar.

“Daşoguzyň ilatynyň çak bilen 35-45 %-ni etniki özbekler emele getirýärler, emma muňa garamazdan, regionda ähli özbek, gazak we ors mekdepleri ýok edildi. Milli azlyklar üçin öz milli däp-dessurlaryny saklamaga hiç hili mümkinçilik galmady” diýlip, ÝHHG-niň resmisiniň Türkmenistana eden saparyndan soň Azatlyk Radiosyna gowşan hatda aýdylýar.

“Şunça geçen ýyllaryň içinde bir sany hem buluç , kürt, pars dillerinde okadylýan mekdepler ýa-da okuw edebiýaty döredilmedi. Gazak jemagatynyň ykjam ýaşan köp oba-şäherçeleri boşap galdy, hatda bu gün galan gazak çagalar üçinem ene dili we edebiýatyndan dersler okadylmaýar! Ýurtda 71 sany rus dilinde okadylýan synplary bar diýilýän mekdeplerdäki mugallymlaryň ýaşyna göz aýlasaň, ýüregiň agyrýar” diýip, hatyň awtory belleýär.

Şeýle-de Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň başdan geçirýän dürli sosial-ykdysady kynçylyklaryna hem ünsi çekýärler.

“... Eger öň olar bize derek biziň haýsy dilde okamalydygymyzy, gyzlarymyzyň nähili köýnek geýip, saçyny nädip örmelidigini, erkekleriň nähili tahýa geýmelidigini kesgitlän bolsalar ... indi olar biziň daşary ýurtlarda okaýan çaglarymyza näçe pul ugratmalydygymyzy çözýärler ... olar biziň görjek telewideniýämiz barada bize derek karara gelýärler” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyga ugradan hatynda ýazýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda sekiz müňden gowrak adama raýatlygyny berendigini aýdýar. “Bu azlyklaryň integrasiýasy meselesinde ÝHHG-niň prinsiplerine gönüden-göni gabat gelýär” diýlip, Türkmenistanyň resmi maglumatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar bolsa, Türkmenistanda türkmen raýatlygy bolmadyk ýaşaýjylaryň ýurtda doglan çagalarynyň raýatlyk almagynyň problema bolmagynda galýandygyny belleýärler. Şeýle-de, Türkmenistanda rus dilli raýatlara basyş görkezilip, olaryň Orsýetiň raýatlygyndan el çekmeginiň talap edilmegine degişli ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykypdy.

Türkmenistanda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleriniň resmi sany çap edilmeýär.

Awgust aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň güýç edaralarynyň işgärlerinden dokumentlerde öz milletini türkmen diýip görkezmegiň talap edilýändigini habar beripdi.

Şu ýylyň maý aýynda Azatlygyň habarçylary Daşoguz welaýatynda häkimiýetleriň okuwa gatnaýan we has kiçi ýaşly çagalaryň sanyny anyklamak boýunça çäre geçirýändigini we munuň özbek we gazak dilli täze mekdebe potensial okuwçylaryň sanyny anyklamak üçin edilýär diýlip düşündirilýändigini habar beripdiler. Şeýle-de, şonda Daşoguz şäheriniň we etraplaryň özbek we türkmen ilatynyň sanyny anyklamak üçin ilat ýazuwynyň geçirilýändigi habar berlipdi.

Daşoguz welaýaty özbekleriň köplük bolup ýaşaýan regiony. 1995-nji ýylyň ilat ýazuwyna görä, şol döwürde özbekler region ilatynyň aglaba bölegini, käbir sanlara görä 55,3% emele getiripdir.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda etniki azlyklaryň agzalýan kynçylyklaryny açyk boýun almaýar. Türkmen resmileri halkara guramalaryna berýän hasabatlarynda ýurt ýaşaýjylarynyň millet esasynda kemsidilmeýändigini aýdýarlar.

Emma abraýly halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy adam hukuklaryny dünýä derejesinde iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda görkezilýär.​

Teswirleri gör (5)

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG