Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düýeleriň arasynda dörän mama keseli Balkana täzeden dolandy


Otlap ýören düýe. Illýustrasiýa suraty.
Otlap ýören düýe. Illýustrasiýa suraty.

Geçen ýylyň güýz aýlarynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda düýeleriň arasynda dörän keselçilik welaýatyň Türkmenbaşy hem-de Bereket etraplarynda täzeden ýüze çykyp başlady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 11-nji martda habar berdi.

“Soňky 10 günüň dowamynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Bereket etrabynyň medeni zonadan 300-350 kilometr demirgazygynda ýerleşýän obalarynda düýeleriň arasynda mama keseliniň ýüze çykyp ugrandygyny oba ýaşaýjylary, hususan-da düýeleriň eýeleri gürrüň berýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalýan çäklerde ýerleşýän Goýmat, Gökdepe, Garaýman, Awlamyş, Gum sepişen we Düwünçi ýaly obalarda dünýä inýän köşekleriň 5-den 3-si öli dünýä inýär.

Ýerli düýedarlaryň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bu etraplaryň çägindäki düýeleriň arasynda mama keseline uçran düýeler agzyndan ak köpük getirýär, kellelerini ýere urýar.

Düýedarlar düýeleriň arasynda dörän kesel boýunça welaýat we etrap häkimliklerine arza bilen ýüz tutýarlar, kömek soraýarlar.

Habarçynyň sözlerine görä, häkimlikleriň jogapkär işgärleri düýedarlara “Siziň düýeleriňiz siziň öz hususy eýeçligiňizde. Şonuň üçin muňa siziň özüňiz çäre tapmaly” diýip jogap berýärler.

“Haýsy bir gapyda düýe ölüpdir diýip, biz beýleki işlerimizi yza süýşürmeli” diýip, häkimligiň resmileri sözleriniň üstüni ýetirýär.

“Bu obalaryň ýaşaýjylary ata-baba düýedarçylyk bilen meşgullanyp gelýär” diýip, habarçy belleýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda düýeleriň arasynda dörän kesel we munuň bilen baglylykda welaýatyň çäginde düýe etiniň gadagan edilmegi barada geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda habar beripdi.

Azatlygyň habarynyň yzýany, noýabryň başynda ýurduň Weterinariýa gullugynyň ýurt boýunça hem-de welaýat derejesinde düzülen 10 adamdan ybarat topary Balkan welaýatynyň “Madow” obasyna baryp, barlag işlerini geçirdi.

Şonda Etrek etrabynyň “Madow” obasy düýeleriň arasynda dörän ölüm wakalary sebäpli karantina alnypdy.

Weterinariýa gullugynyň ýörite topary 3-4 günläp dowam eden barlaglarynyň netijesinde, mama keselinden ölýändigi güman edilýän düýeleriň aslynda “açlykdan ölýändigini” aýtdylar hem-de ýerli ýaşaýjylara bu barada “dowul turuzmazlygy” tabşyrypdylar.

Şeýle-de oktýabr aýynda Balkan welaýatynyň Etrek we Esenguly etraplarynda kesel ýokaşandygy güman edilýän 200-den gowrak düýe daşyna sim aýlanan meýdanlarda saklanypdy.

Balkan welaýatynyň maldarlary düýedarçylyk bilen giňden meşgul bolýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, düýe eti etiň beýleki görnüşlerinden, şol sanda sygyr etinden has arzan bahadan satylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty weterinariýa gullugynyň işgärleriniň açlykdan ölendigini aýdan düýeleri barada mundan ozal hiç hili habar bermedi.

Ýerli düýedarlar düýeleriňa arasynda dörän kesel bilen baglylykda häzirki wagtda çykalga gözleýär.

XS
SM
MD
LG