Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Iki müňden gowrak adam ýagşyň aşagynda Nowruz baýramyna taýýarlanýar


Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin dabara gatnaşýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda iki müňden gowrak adam ýagşyň aşagynda Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur bolýar. Bu waka Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyran mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň anonim şertde beren maglumatyna görä, anna gününden bäri Ak bugdaý etrabyndaky Ak öýüň golaýynda, açyk meýdanda Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyklaryň depgini güýçlendirildi.

“Bu çärä welaýatlardan we paýtagtdan gelen medeniýet işgärleriniň, ýokary okuw jaýynyň studentleriniň, sport mekdepleriniň okuwçylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň iki müňden gowragy gatnaşmaga mejbur edilýär. Olar irden sagat 8-9 töweregi çäräniň geçirilýän ýerine barýarlar we giçlik sagat 5-6-a çenli şol ýerde bolýarlar” diýip, habarçy bu çärä gatnaşýanlaryň ençemesine salgylanyp, 20-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howa açylman, her günüň dowamynda alty-ýedi gezek 10-15 minutlap ýagyş ýagýar. Muňa garamazdan, “çäreçiler” ýagşyň aşagynda öz taýýarlyk çärelerini dowam etdirmeli bolýarlar.

“Bu ýerde ýagşyň aşagynda ezilmäýin, bir jaýa gireýin-de diýip bolmaýar. Sebäbi töwerek-daşda jaý hem ýok. Welaýatdan gelen medeniýet işgärleriniň käbirleri özlerini getiren awtobuslara ylgaýar, şol ýerde ýagyşdan bukulýarlar. Ýöne ahally we paýtagtly çäreçileri getirýän awtobuslar ol ýerde garaşyp durmaýar. Soň olaryň aglabasy ýagşyň suwundan ezilýär. Esasy kynçylygy sazandalar çekýärler. Olar saz gurallary ýagyşda ezilip, hatardan çykmasyn diýip, elinde baryny edýärler. Käbir sazandalar welaýatlardan gelen medeniýet işgärleriniň awtobuslaryna münüp, saz gurallaryny halas etjek bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy ýagşyň aşagynda ezilip dümewlän medeniýet işgärleriniň bardygyna hem ünsi çekip, olaryň agşamara galýan jaýlaryna gelende däri-derman içip, çärelere gatnaşmagy dowam etdirýändiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu taýýarlyk çäreleri, prezident Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyran mahalynda alnyp barylýar.

19-njy martda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Berdimuhamedow dabaralara welaýatlaryň ähli edara-kärhanalarynyň gowy taýýarlyk görmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini hem nygtady.

Türkmenistanda Nowruz baýramy 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri döwlet derejesindäki, 2010-njy ýyldan bäri bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar eden halkara baýramçylygy hökmünde bellenilýär.

Munuň bilen baglylykda, ýurtda 21-22-nji mart iş güni däl-de, resmi taýdan baýramçylyk we dynç günleri diýlip yglan edilýär. Emma bu resmi dynç günlerinden ýurt raýatlarynyň ählisi deň derejede peýdalanyp bilmeýär.

Sebäbi 21-nji martda ýurtda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowary geçirilse, 22-nji martda Nowruz ýaýlasynda, welaýat merkezlerinde, şäherlerde köpçülikleýin dabaralar geçirilýär.

Bularyň ikisine-de edara-kärhanalaryň işgärlerinden we ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden düzülen müňlerçe adam meýletin-mejbury gatnaşdyrylýar. Bu çärelere gatnaşmakdan ýüz öwüren işgärlere we studentlere köplenç işden ýa-da okuwdan çykarylmak howpy abanýar.

Türkmen mediasynda bu çäreleriň “şatlyk-şagalaň” bilen geçirilýändigi aýdylsa-da, oňa işgärleriň we studentleriň mejbury gatnaşdyrylmagy, munuň näçe adamyň dynç alyş wagtyny alýandygy barada mesele gozgalmaýar.

Maglumat üçin aýtsak, 18-nji martdan başlap Aşgabat şäherinden Nowruz ýaýlasyna gatnaýan ýörite awtobus marşrutlary ýola goýuldy. Teke bazardan ugraýan bu awtobuslarda her adamdan bir tarapy üçin 2 manat kireý alynýar.

“Häzirki wagt bu marşrutlar arkaly käbir adamlar ýöne keýpine gidip görýärler we şol taýýarlyk çärelerine tomaşa edýärler. Sebäbi bu awtobus gatnawy 22-nji martda ýatyrylýar we ol ýere barýan ýollar hem ýapylýar. Baýramçylygyň geçiriljek güni bu ýere adaty adamlaryň barmagyna rugsat berilmän, diňe çagyrylan adamlar eltilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG