Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň bergisi sebäpli Orsýet onuň EMS poçtasyny kabul etmegini togtatdy


illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň bergisi sebäpli Orsýet EMS poçtasyny kabul etmegini togtatdy. Bu barada Azatlyk Radiosyna Orsýetiň poçta boýunça baş edarasynda habar berdiler.

"Poçta Rossii" edarasynyň resmi jogabynda Türkmenistan bilen diňe ekspress-poçta hyzmatlaryny amala aşyrýan EMS poçtasynyň kabul edilmeginiň togtadylandygy, muňa türkmen tarapynyň bergisiniň sebäp bolandygy habar berildi.

"Munuň bilen bilelikde, hakykatdan Poçta Rossii bu meseläni kadalaşdyrmak boýunça ençeme synanyşyk edenden soň, türkmen tarapynyň EMS kooperatiwiniň çägindäki operatorara hasaplaşyklaryndaky begisi sebäpli, Türkmenistandan iberilýän EMS ekspress-ugratmalaryň kabul edilmegi togtadyldy. Ekspress-ugratmalaryň kabul edilişi bergi üzlüşenden soň dikeldiler" diýlip, Azatlyga berlen resmi jogapda aýyldýar.

"Poçta Rossii" edarasynyň metbugat gullugy beýleki poçta hyzmatlarynyň, şol sanda kiçi bukjalaryň, hatlaryň we otkrytkalaryň ugradylmagynyň Bütindünýä poçta bileleşiginiň çäginde adaty ýagdaýda amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habaçrylary Türkmenistanyň poçta bölümleriniň 27-nji martda Orsýete iberilýän posylkalary kabul etmegini togtadandygyny habar beripdi.

"Türkmenpoçta" döwlet kärhanasynyň baş edarasynda Türkmenistandan Orsýete posylka iberilmeginiň togtadylandygyny tassykladylar. Edaranyň telefon üsti bilen jogap beren işgäri bu hyzmatyň "bir aýlyk" togtadylandygyny habar berdi emma sebäbini düşündirmedi.

Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlarynyň çäklendirilmeginiň sebäpleriniň biriniň maliýe meselesi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmesi hem aýdypdy.

"Orsýetiň Türkmenistandan posylkalary kabul etmek hyzmaty bilen üpjün etmegini bergi sebäpli togtadandygy barada maglumat bar" diýip, çeşmämiz 28-nji martda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlaryna ilat arasynda uly talap bar.

"Soňky iki ýylyň dowamynda, gymmatlygyna garamazdan, poçta hyzmatlaryndan Türkmenistandan Orsýet Federasiýasyna gidýän adamlar köp peýdalanýarlar we öz zatlaryny ugradýarlar. Şeýle-de, student-çagalaryna zat iberýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Orsýete poçta arkaly iberilýän zatlaryň her 20 kilogramynyň bahasy 800 manada durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG