Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi Tokýadaky oýunlarda boksy saklap galmak üçin $16 million teklip edýär


Özbegistanly Şahobidin Zoirow (gyzyl) russiýaly Mişa Aloýan (gök) bilen 2016-njy ýylda Rio da Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda çykyş edýär, 21-nji awgust, 2016-njy ýyl
Özbegistanly Şahobidin Zoirow (gyzyl) russiýaly Mişa Aloýan (gök) bilen 2016-njy ýylda Rio da Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda çykyş edýär, 21-nji awgust, 2016-njy ýyl

Russiýanyň boks boýunça resmisi eger olimpiýa oýunlaryny guramalaşdyryjylar 2020-nji ýylda Tokýoda geçiriljek oýunlarda sportuň bu görnüşini saklap galsalar, onda Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) 16 million amerikan dollary möçberindäki karzyny özüniň tölejekdigini aýtdy.

Russiýanyň boks boýunça resmisi eger olimpiýa oýunlaryny guramalaşdyryjylar 2020-nji ýylda Tokýoda geçiriljek oýunlarda sportuň bu görnüşini saklap galsalar, onda Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) 16 million amerikan dollary möçberindäki karzyny özüniň tölejekdigini aýtdy.

Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Umar Kremlew bu baradaky teklibini Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) resmilerine iberen hatynda etdi. Bu hat 28-nji martda köpçülige ýetirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) bu resmileri Halkara boks assosiasiýasyna garşy gönükdirilen aýyplamalary derňeýärler.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Halkara boks assosiasiýasy (AIBA) höwesjeň boksçylaryň dolandyryjy edarasydyr. Ol öň “Association Internationale de Boxe Amateur” ady bilen hem tanalýardy.

Halkara boks assosiasiýasynyň prezidentligine dalaş etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim eden Kremlew “Halaýan sporty Olimpiýa programmasynda saklanyp galsa, onda AIBA-nyň karzyny doly görnüşinde özüniň tölemäge taýýardygyny” aýtdy.

“Men muny boksyň geljegi maliýe problemalary sebäpli howp astynda galmaz ýaly, boksyň Olimpiýa hereketinde galmagy üçin etmek isleýärin” diýip, ol aýtdy.

Ol AIBA-nyň bergisii üzmek üçin öz maliýe serişdelerini ulanmagy planlaşdyrýar diýip, Russiýa Boks boýunça federasiýasynyň resmisi Inside the Games websaýtyna aýtdy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň Tokýo 2020 boks ýaryşlary boýunça planlaşdyryş işlerini togtatmagyny AIBA-nyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylmazlygy hökmünde ýormak mümkin.

AIBA ähli talaplar berjaý etmekde “uly ösüş” gazanandygyny aýtdy. Ol Halkara Olimpiýa Komitetiniň hereketleriniň bütin dünýädäki boksçylary gümürtik ýagdaýa salýandygyny aýdyp, şikaýat etdi.

Halkara boks assosiasiýasy birnäçe ýyl bäri başagaýlygy başdan geçirip gelýär. Halkara Olimpiýa Komiteti düýbi Şwesiýada ýerleşýän bu guramany dolandyryş we maliýe, şeýle-de anti-doping bilen bagly meselelerini çözmegi duýdurdy, ýogsa-da oňa Tokýodaky oýunlara girizilmezlik töwekgelçiliginiň abanýandygyny duýdurdy.

Tokýoda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna Halkara boks assosiasiýasynyň gatnaşjakdygy ýa-da gatnaşmajakdygy baradaky soňky netijäniň 22-nji maýda mälim edilmegine garaşylýar.

Halkara boks assosiasiýasy bilen Halkara Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky oňşuksyzlyk haçan-da Gafur Rahimow noýabr aýynda assosiasiýanyň başlyklygyna saýlananda has-da möwjedi.

Rahimow halkara geroin gaçakçylygyna ilteşigi diýilýän bilen baglylykda Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrliginiň sanksiýa sanawyna girizildi. Bu sanksiýa ABŞ-a we onuň raýatlaryna Rahimow bilen biznes gatnaşyklary gadagan edýär. Rahimow bu kanun bozmalary ret edýär.

Halkara Olimpiýa Komiteti bilen aradaky oňşuksyzlygyň fonunda özbegistanly Rahymow 22-nji martda geçiji lidere ýol berip, wezipeden çekilýändigini aýtdy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň derňewi tamamlanandan soň, onuň bu wezipä täzeden eýe bolmak ugrunda synanyşjakdygy ýa-da däldigi dessine mälim bolmady.

XS
SM
MD
LG