Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda awtoulaglaryň gara disklerini satýan dükanlar nyşana alynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri awtoulaglaryň gara disklerini satýan dükanlary nyşana alyp, olarda barlaglar geçirýärler, gara diskleri satýan söwda nokatlaryny ýapýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

29-njy martda anonim şertde maglumat beren habarçy maşynyň pokryşkasyny, rezin tigirlerini gözläp, mundan bir gün ozal paýtagtyň awtoulag şaýlaryny satýan dükanlaryna aýlar we şonda olaryň käbiriniň ýapylandygyny görýär.

“Awtoulaglaryň tigirlerini we disklerini satýan iň uly dükanlaryň biri bolan “Demir at” dükany ýurduň Içeri işler ministrliginiň ygtyýarlygyndaky Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy tarapyndan ýapylypdyr. Ilkibada dükan eýeleri olaryň näme üçin gelendigine düşünmändirler, ýöne gullugyň işgärleri dükanda zawodda öndürilen gara reňkdäki diskleriň satylýandygyny görensoň, bu ýerini ýapypdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna paýtagtdaky “Demir at” dükanynyň resmileri bilen habarlaşyp, bu barada kommentariýa almak başartmady. Şeýle-de, dükanyň belli bir wagt möhletine çenli ýapylandygyny ýa-da ýapylmandygyny hem häzirlikçe anyklap bolmady.

Azatlygyň habarçysy şeýle barlaglaryň paýtagtyň beýleki dükanlarynda hem geçirilýändigini aýdyp, gara diskleri ýygnap ýetişen söwda nokatlarynyň “gapylaryna gulp urulmakdan halas bolandygyny” belleýär.

“Paýtagtda awto-şaýlary satýan beýleki bir tanymal dükanda aýtmaklaryna görä, olar barlaglaryň geçirilýändigini eşiden dessine özleriniň gara disklerini tekjelerden aýrypdyrlar. Şol sebäpli dükanlaryň käbirleri açyk, ýöne olaryň tas ählisinde diýen ýaly maşynlaryň gara diskleri satylmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy we “Hronika Türkmenistan” websaýty aşgabatly sürüjilere ulaglaryna dürli reňkdäki, şol sanda ak we gara diskleri oturtmagyň gadagan edilendigini mundan bir hepde gowrak ozal habar beripdi.

21-nji martda “Hronika Türkmenistan” neşiri özüniň ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, indi aşgabatly awtoulag eýeleriniň diňe kümüşsöw reňkli diskleri ulanyp bilýändigini aýdypdy.

Şu günler Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy bu çäre bilen bagly Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň hususy eýeçilikdäki ulaglary saklap, olaryň resminamalaryny barlamak işleriniň hem güýçlenendigini aýdýar.

“Mundan birnäçe gün öň, meniň münen taksimi PÝGG-niň işgäri saklady. Onuň resminamalaryny barlady we “maşynyňda gara disk bardyr öýtdüm” diýip, sürüji goýberdi. Aşgabatly başga bir ýaşaýjy paýtagtdaky resmi “Hyundai Centerden” ulag satyn alandygyny we onuň zawoddan çykanda gara diskli bolandygyny gürrüň berdi. Ýöne muňa garamazdan, PÝGG-niň işgärleri onuň ulagyny jerime duralgasyna alyp gidipdirler” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler ilatyň arasynda “döwlet resmileriniň ak reňk bilen bagly Ginnesiň rekordlar kitabyna täzeden girmäge taýýarlanýandygy” barada gürrüňler bar. Ýöne muny häzirlikçe degişli resmilere tassykladyp bolmady.

“PÝGG-niň işgärleriniň käbirleri ulaglary diňe ak reňke boýatmagy maslahat berýärler. Sebäbi olar wagtyň geçmegi bilen kümüşsöw ýa-da altynsöw reňkdäki ulaglary sürmäge hem gadagançylygyň girizilmeginiň mümkindigini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly yzygiderli çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizýärler.

Fewral aýynyň ortalaryndan başlap, Aşgabadyň häkimiýetleri gara we garamtyl reňkdäki ulaglary saklamak çäreleriniň depgini gaýtadan güýçlendirdiler.

20-nji fewralda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy PÝGG-niň işgärleriniň garamtyl reňkli ulag eýeleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýandygyny we tä ulaglar ak reňke boýadylýança olaryň yzyna berilmeýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasy ilatyň hususy awtoulaglaryna degişli bu çäklendirmeler we gadagançylyklar barada dymyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG