Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabazara sil geldi, suw basan ýerlerdäki läbigiň dyzdan bolandygy aýdylýar


Tagtabazar şäheri
Tagtabazar şäheri

Yzygiderli ýagan çabgaly ýagyşlar netijesinde dörän suw joşmalaryndan Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine hem sil geldi. Serhediň Owganystan tarapynda 26-njy martda başlanan suw joşmalary onlarça oba-şäheri sil basmagyna alyp geldi.

Tagtabazara gelen sil şäheriň “Mikroraýon” diýilýän etrapçasyny basdy we bu ýeriň daşy harbylar hem-de polisiýa işgärleri tarapyndan gabalyp alyndy.

"Suw basan ýere esli wagtlap hiç kim goýberilmedi. Sil düýn agşam sagat 11-lerde geldi, ýykylan jaý köp” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, suw basan etrpaça aşakda, çöketlikde ýerleşýär we adamlar ýokardan öz jaýlaryna, ol ýeriň suwunyň çekdirilişine seredýärler. “Jaýlaryň töweregine barar ýaly däl, dyzdan läbik, palçyk, häzir adamlary jaýlaryna goýberip başladylar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk radiosy düýn, 29-njy ýanwarda türkmen-owgan serhediniň beýle gapdalynda, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň ýaşaýan obalarynyň hem ençemesini, 26-njy martda gelen sil suwlarynyň basandygyny, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň, Esenguly etrabynyň ýaşaýjylarynyň suw joşmalary we sil basmalary, köprüleriň ýykylmagy, ýollaryň bozulmagy netijesinde bir hepde bäri gabawda oturandygyny habar berdi.

Mundan öň Azatlyk Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň obalaryna we Berket (ozalky Gazanjyk) şäherine gelen siliň döreden kynçylyklary hakynda habar berdi. Emma türkmen mediasy bu tebigy hadysalar barada hiç bir maglumat bermeýär. Türkmenistanyň DIM-i goňşy Eýranda, Türkmenistan bilen araçäkde ýaşaýan ilatyň silden çeken horlugy üçin duýgudaşlyk bildirdi, emma bu edaranyň Azatlyk bilen gürleşen resmisi ýurduň öz içindäki sil başagaýlyklaryny tassyklamady.

Türkmenistanda etrap ýerlerine sil gelmegi, obalary suw basmagy ýaly tebigy hadysalar, şol sanda ýer yranmalary hakynda resmi metbugatda habar berilmeýär. Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti paýtagt Aşgabady sil suwlaryndan goramak boýunça tabşyryk berip, wagtal-wagtal resmileri tebigy hadysalaryň garşysyna durmak üçin wagtynda we ýeterlik çäre görmezlikde aýyplaýar.

Mysal üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etdi.

XS
SM
MD
LG