Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

GDA-nyň nobatdaky mejlisi 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler


GDA guramasynyň 2018-nji ýyldaky duşuşygyna gatnaşan döwlet we hökümet liderleri

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler.

Bu baradaky karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelde geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda gol goýdy.

“Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy” diýlip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy habar berýär.

2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk edýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hem karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmen lideriniň gol goýan üçünji kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrligine Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Munuň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geçirilýändigi bellenildi.

Türkmenistan GDA guramasynyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Resmi Aşgabat özüniň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG