Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýörite wekili Kabulda gepleşik geçirdi


Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Zalmaý Halilzad, Kabul, 2-nji aprel, 2019

Birleşen Ştatlaryň “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagalla edýän ýörite wekili Kabulda hökümetiň wekilleri bilen maslahat geçirdi.

Zalmaý Halilzadyň Owganystana eden sapary “Talyban” bilen Kataryň paýtagty Dohada geçmegine garaşylýan gepleşikleriň täze tapgyrynyň öňýanynda bolýar. Habarlarda bildirilmegine görä, gepleşik aprel aýynyň ortalarynda geçer.

Kataryň paýtagtynda “Talyban” güýçleriniň syýasy edarasy bar. Bu ýerde geçen öňki gepleşikler öten aý Halilzadyň 18 ýyllyk konflikti soňlamaga gönükdirilen synanyşyklarda “hakyky ädimleriň” ädilendigini yglan etmegi bilen tamamlanypdy.

Owgan prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat wekiliniň orunbasary Fereýdun Huzon 1-nji aprelde Azatlyk radiosyna özüniň Amerikanyň ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň saparyndan hökümet bilen “Talybanyň” arasynda göni gepleşikleriň başlanmagyna ýol açmagyna garaşýandygyny aýtdy.

“Talyban” bilen geçirilýän gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän Halilzad Katarda söweşiji topar bilen parahatçylyk boýunça birnäçe gezek gepleşik geçirdi. Ýöne Günbatar tarapdan goldalýan Kabuldaky hökümet özüniň gepleşiklerden çetde tutulýandygyny aýdyp, nägilelik bildirýär. “Talyban” güýçleri bolsa özleriniň “Birleşen Ştatlaryň oýnatgysy” diýýäni bilen oturyp gürleşmegi ret edýärler.

Halilzad bu nägilelikleri köşeşdirip, owganara gepleşiklerde ýurduň ähli partiýalaryny bir ara getirjek ýaraşyk prosesine ýol arçana meňzeýär.

Ol 1-nji aprelde hökümetiň owgan parahatçylyk prosesine jogapkär wekilleri bilen duşuşanyndan soňra twitterde: “Biz owganara dialogda öňegidişlik edilmeginiň zerurdygy hakda pikir alyşdyk” diýdi.

Soňra hem Halilzad özüniň Owganystanyň baş dolandyryjysy Abdullha Abdullah, şeýle hem daşary işler ministri Salah Rabbani bilen “öndümli” gepleşikler geçirendigini ýazyp, “biz owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we owganlaryň özleriniňki bolan” parahatçylyk prosesinde “halkara arkalaşygynyň olara iň gowy goldawy nädip berip biljekdigi hakda pikir alyşdyk” diýdi.

“Talyban” bilen bolan gepleşiklerde Kabul bilen Waşingtonyň arasynda barha artýan oňuşmazlygyň bardygy 14-nji martda jemgyýetçilige aýan boldy. Şol gün owgan prezidenti Aşraf Ganiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Amerikanyň Owganystanda doglan tejribeli diplomaty Halilzady ýiti tankytlady.

Hamdullah Mohib Waşingtona eden saparynda Halilzady hökümeti gepleşiklerden çetde tutup, ony “kanunylykdan” çykarmakda, özüni “patyşanyň wekili” ýaly alyp barmakda we Owganystanda şahsy arzuw-hyýallara ymtylmakda aýyplady.

“Talyban” Birleşen Ştatlar bilen gepleşik alyp barsa-da, Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine edýän giň gerimli hüjümlerini dowam etdirýär.

1-nji aprelde resmiler “Talybanyň” Badgyz we Sar-e Pul welaýatlaryna eden hüjümlerinde azyndan 19 sany owgan esgeriniň ölendigini aýtdylar.

Parahatçylygyň tarapynda çykyş edýän gurama Halkara krizis toparynyň bellemegine görä, “Talyban” güýçleriniň gazanýan harby üstünlikleri syýasy gepleşiklerde olara ep-esli artykmaçlyk getirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG