Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýörite wekili Owganystany jebisleşmäge çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad.
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad.

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad owganlary 17 ýyl bäri dowam edýan urşy soňlamak üçin edilýän synanyşyklar barha ýygjamlaşýan häzirki wagtda oňuşmazlyklary goýmaga we agzybirlige çagyrdy.

Halilzad soňky aýlarda “Talybanyň” wekilleri bilen Orta Gündogarda tapgyrlaýyn göni gepleşikler geçirdi. Ýöne bu gepleşiklerde Günbatar tarapyndan goldalýan Kabul hökümeti ýok.

Prezident Aşraf Ganä garşy çykýan täsirli owgan syýasatçylary 5-6-nji fewralda “Talybanyň” wekilleri bilen Moskwada gepleşik geçirdiler.

Oppozision syýasatçylar Gani tarapyndan bellenen gepleşik toparyny tankytlaýarlar. Bu topara prezidentiň edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

Halilzad owgan hökümetini “güýçli, milli” gepleşik toparyny düzmäge çagyrdy.

Ol 18-nji fewralda Owganystanyň “Tolo News” tele kanalyna beren interwiýusynda şeýle diýdi: “Bize hökümetiň ýolbaşçylygyna sarpa goýýan bir topar gerek. Şol bir wagtda beýleki syýasy elementleriň gatnaşmagy-da hökmany ”.

Amerikanyň öňki ilçisi Halilzad owgan paýtagty Kabulda bolup, Gani we ýokary derejeli syýasy şahsyýetler bilen gepleşik geçirdi.

Ol Owganystanda asudalyk diňe “birleşik, pikirdeşlik, owganlaryň arasynda, hökümetiň içinde hem daşynda agzybilik” bolan halatynda bolar diýdi.

Kabul özüniň gepleşiklerden daşarda tutulandygy üçin gaharda.

Gani öten hepde ”Taliban” bilen ýaraşyk gepleşikleri hakda maslahat soramak üçin “Loýa Jirga” ýagny etniki we dini liderler geňeşini geçirjekdigini aýtdy.

Plan boýunça Halilzad indiki gepleşikler üçin 25-nji fewralda “Talybanyň” wekilleri bilen Katarda duşuşar.

Kataryň paýtagty Dohada geçen öňki gepleşiklerde Bireleşen Ştatlar bilen “Talyban” mümkin parahatçylyk ylalaşygy boýunça esasy ugurlar hakda razylaşdylar.

Ylalaşyga laýyklykda “Talyban” güýçleri halkara terroristik toparlaryň Owganystany baza edinmeginiň öňüni almaly, Birleşen Ştatlar hem ýaragly güýçlerini Owganystandan çykarmaly.

“Kynçylyklar ýok däl, ýöne biz 25-nji fewralda ýene duşuşmak boýunça Talyban bilen ylalaşdyk. Aslynda terrorizim we ýaragly güýçler meselesinde öňe gidişlik eder ýaly mümkinçilikleri tapmak barada jikme-jik we çynlakaý gürleşmek hakda razylaşdyk” diýip, Halilzad aýtdy.

“Talyban” Amerikanyň iki sany esasy talaby – atyşyklary bes etmek we owganara ýaraşyk prosesiniň çäginde owgan hökümetiniň wekilleri bilen göni gepleşiklere girmek - barada entek eglişik edenok.

“Men atyşyklaryň giňleýin bes edilendiginiň basym yglan edilmegini isleýärin. Ikinjiden hem owganlaryň arasynda, owgan hökümetini hem öz içine alýan gepleşik we maslahatlar basym geçmeli” diýip Halilzad nygtady.

“Talyban” ol bikanun diýip, Kabul bilen gepleşik geçirmekden boýun gaçyryp gelýär.

18-nji fewralda ‘Talyban” Birleşen Ştatlar we Pakistan resmiler bilen Yslamabatda gepleşeik geçirjekdigini aýtdy. Ýöne bu gepleşikler Kabulyň protest bildirmegi netijesinde ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG