Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Kabula sapar edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Pat Şanahan (Pat Shanahan) Kabula geldi. 11-nji fewral, 2019 ý.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Pat Şanahan harby ýolbaşçylar we owgan resmileri bilen duşuşmak üçin öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula bardy. Onuň sapary Waşingtonyň “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyna ýokary derejede basyş edýän mahalyna gabat gelýär.

11-nji fewralda Kabula baryp düşen Şanahan özi bilen bilelikde sapar edýän žurnalistlere owgan liderleri bilen geçiriljek gepleşiklerde olaryň geljegi, şol sanda “Talyban” bilen bolan mümkin parahatçylygyň soňky häsiýeti barada gutarnykly karar bermeli olaryň özleridigini nygtajakdygyny aýtdy.

Şanahan: “Owganystan baradaky gepleşiklere owan hökümetiniň gatnaşmagy möhüm” diýdi.

Ol soňra hem: “Owganystanyň geljekde nahili bolmagyny owganlar kesgitlemeli. Gepleşik Birleşen Ştatlar barada däl, Owganystan barada barýar” diýip sözüniň üstüne goşdy.

Owganystanda käbir adamlar “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyny, haýsy hem bolsa, ret edýärler. “Talyban” hem hökümet resmileri Günbataryň oýnatgylary diýip, Kabuldaky hökümet bilen gepleşik geçirmekden boýun gaçyryp gelýär.

Şanahan şeýle-de Owganystandaky esgerleriň sanyny hazirki derejesinden, ýagny 14 müňden aşaklatmak barada özüne Ak tam tarapyndan berlen görkezmäniň ýokduyny aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donld Tramp Amerikanyň regiondaky harby işlerini çäklendirmek baraky tagallalaryň çäginde ýaragly güýçleriň sanyny aşakladyp, ýarpa getirmek isleýär.

Şanahanyň sapary Amerikanyň owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň uruşdan ýaňa dargan ýurt üçin Birleşen Ştatlaryň tagallasy bilen ýola goýlan parahatçylyk başlangyjyny güýçlendirmek maksady bilen regionyň esasy ýurtlaryna sapara çykýan mahalynda bolýar.

Döwlet departamenti Halilzadyň 10-28-nji fewralyň aralygynda Belgiýa, Germaniýa, Türkiýä, Katara, Owganystana we Pakistana sapar etjekdigini aýtdy.

Halilzad “Talyban” bilen Katarda geçirilen gepleşiklerden ýaňy dolanyp geldi.

Saparlarynyň dowamynda Şanahan bilen Halilzadyň bilelikde gepleşik alyp barjadygy entek belli däl.

Ýanwar aýynyň aýaklarynda Şanahan Halilzadyň “Talyban” bilen alyp baran gepleşiklerinde “käbir umyt beriji zatlary görýändigini” aýdyp,“Ýöne biz olara wagt we giňişlik bermeli” diýdi.

Şanahan goranmak departamentiniň öňki ýolbaşçysy Jim Mattis Trampyň syýasatlaryna protest bildirip, ýaňy ýylyň aýagynda wezipeden çekileninden soňra onuň ýerine geldi.

Tramp 2-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda Mattisi “wajyplyk esasynda işden boşadandygyny” aýtdy. Mattis Birleşen Ştatlaryň hökümetinde uzak hyzmat eden we onuň köp hormatlanýan agzalarynyň biridi.

Şanahan gapdalynda otuyrka Tramp: “Men onuň Owganystanda edenlerine begenemok, begenmeli hem däl” diýdi.

56 ýaşly Şanahanyň etmeli ilkinji işleriniň biri amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegini gurnamak, şeýle hem Hytaýyň harby güýjüne garşylyk görkezmek bolar.

Şanahanyň 13-14-nji fewralda NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusselde geçjek duşuşygyna we 15-17-nji fewralda hem Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçýän howpsuzlyk maslahatyna gatnaşaryna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG