Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koreýa respublikasynyň prezidenti Aşgabada sapar edýär


Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In. Arhiw suraty
Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In. Arhiw suraty

Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çži In türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda, 16-njy aprelde Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Çarşenbe güni Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdançasynda Koreýa respublikasynyň prezidenti Mun Çži Ini resmi garşy almak dabarasy geçirildi.

Dabaradan soň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezidentler duşuşdy, soňra taraplaryň wekiliýetleri giňeldilen duşuşyklary geçirdi.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda käbir ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Olaryň hatarynda Koreýa respublikasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda diplomatik we ýörite pasportlar üçin wiza režimini ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekildi. Şeýle-de, taraplar 2019 – 2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň programmasyny tassyklady.

Döwlet metbugatyna görä, Günorta Koreýanyň hem-de Türkmenistanyň hökümetleri medeni we gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Gepleşikleriň çäginde taraplaryň degişli edaralary aragatnaşyk, medisina, tekstil önümçiligi, oba hojalygy, bilim, radio-telewideniýe, tebigaty goramak we beýleki käbir ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek baradaky Memorandumlara gol çekdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri koreý prezidentiniň Türkmenistana edýän sapary bilen bagly çap eden beýanatynda, ikitaraplaýyn gepleşiklerde syýasy, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-de saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar beripdi.

Günorta Koreýanyň Ýonhap habar agentligi prezident Mun Çži Iniň Merkezi Aziýa edýän saparynyň çäklerinde Türkmenistana üç günlük resmi sapary amala aşyrýandygyny habar berdi.

Agentligiň maglumatyna görä, Çži In regiona edýän saparynda Günorta Koreýanyň Täze demirgazyk syýasatyny tanyşdyrýar. Bu syýasat ýewraziýa ýurtlary bilen şol sanda Merkezi Aziýa, Demirgazyk Aziýa we Russiýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Şeýle-de koreý metbugatyna görä, Türkmenistana edýän saparynda Mun Koreýa ýarymadasynyň parahatçylyk prosesi bilen baglylykda Türkmenistanyň hem goldawyny sorady.

Berdimuhamedow Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamakda hem-de hemişelik parahatçylygy ornaşdyrmakda Günorta Koreýanyň tagallalaryny goldaýandygyny belledi.

Munuň Türkmenistana edýän sapary penşenbe güni tamamlanar. Ol Türkmenistandan soň Özbegistana we Gazagystana sapar eder.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG