Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda häkimiýetler suw joşmasynyň öňüni almaga synanyşýarlar


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyna ýörite tehnika hem eltildi. 19-njy aprel, 2019 ý.

Aşgabatda anna güni ýagan ýagyşdan soň, paýtagtyň Parahat-7 etrapçasyna  kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri we ýörite tehnika eltildi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler sebitdäki ýygnanan suwlary aýryp, böwetleri dikip, mümkin suw joşmasynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Etrapça polisiýanyň işgärleri gözegçilik edýärler.

Aşgabat ýagyşdan soň. 19-njy aprel, 2019 ý.
Aşgabat ýagyşdan soň. 19-njy aprel, 2019 ý.

Mundan öň, ýagny 13-nji aprelde Aşgabada güýçli sil gelipdi. Şenbe güni Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtda dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän sil suwlarynyň köçeleri basandygyny, jaýlara we ýerzeminlere zyýan ýetirendigini habar berdi.

Aşgabat ýagyşdan soň. 19-njy aprel, 2019 ý.
Aşgabat ýagyşdan soň. 19-njy aprel, 2019 ý.

Resmi metbugat çabga barada hiç hili maglumat bermedi.

Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.

Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine guýan silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG