Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wäşi Zelenskiý Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy


Wolodimir Zelenskiý

Ukrainada geçen prezident saýlawynda berlen sesler sanalyp tamamlanyp gelýärkä, telewideniýe wäşisi we syýasata ýaňy goşulan Wolodimir Zelenskiý sesleriň uly bölegini almak bilen häkimiýet başyndaky prezident Petro Poroşenkony ýeňene meňzedi. Ýöne munda ykdysady kynçylyklaryň we bäş ýyl bäri Orsýet bilen dowam edýän konflikt sebäpli tankytlanýan syýasatyň hem roly ýok däl.

21-nji aprelde sesleriň 98 prosentinden gowragy sanalansoň, Zelenkiniň alany 73.2 prosent boldy. 53 ýaşly milliarder telekeçi bolsa sesleriň 24.5 prosentini gazandy.

Zelenskiý öz kandidatlygyny, halkyň düşünişine görä, korrupsiýa we garyndaşparazlygyň girdabyna batan ukrain syýasatynda we jemgyýetinde “düzgüni dargatmaga gelen sada adam” diýip häsiýetlendirdi.

Soňky netijeler yglan edileninden az salym soň ýeňlendigini boýun alan Poroşenko bolsa özüni Orsýetiň agressiýasyny yza serpikdirmäge ukyply kandidat diýip suratlandyrdy.

21-nji aprelde ses berişlik tamamlananyndan soňra Zelenskiý metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

“Men ýaňy gazanan ýeňşimi gutlan Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko minnetdardygymy aýtmak isleýärin. Men oňa minnetdar. Ol islendik wagtda öz kömegine bil baglap biljekdigimi aýtdy. Ol meniň we meniň toparymyň ýeňiş gazanandygyny ykrar etdi”.

22-nji aprelde Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bilen Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Klud Ýunker Zelenskä hat iberip, oňa gutlag aýtdylar we Ukrainanyň “demokratiýa we kanunçylyga berk baglydygyny” tarypladylar.

Hatda: “Bu çylşyrymly, syýasy, ykdysady we howpsuzlyk sferasynda Ukrainanyň territoriýa bitewiligine edilýän dowamly kynçylyk ýagdaýda uly gazanç bolup durýar” diýilýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, şeýle hem Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremi Hunt dagy hem saýlaw ýeňşini gutladylar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenber 22-nji aprelde Twitterde Zelenskä gutlag aýdyp, “Ukraina NATO-nyň gadyrly ýaranydyr” diýip ýazdy.

“Ukrainska Pravda” gazeti amerikan prezidenti Donald Trampyň telefonda Zelenskiý bilen gürleşip, oňa gutlag aýdandygyny ýazdy.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew “Facebook” sahypasynda saýlaw “Ukrainanyň problemalaryny çözmekde täze çemeleşişleriň gerekdiginiň aýdyň talabyny” görkezýär diýip ýazdy.

Ol Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda “gowulandyrylan hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň” bardygyny görýändigini aýtdy.

Ses berişlikden soňra Zelenskiý Ukrainada alnyp barylýan syýasata “täze adamlary” getirmegi niýet edýändigini bildirip, “gerek bolsa” özüniň Poroşenko ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Onuň bellemegine görä, prezident hökmünde ileri tutýan ilkinji işi Orsýetdäki ukrainaly harby tussaglary we beýleki tussaglary boşatmagy gazanmak bolar. Ol şeýle hem Ukrainanyň gündogar böleklerindäki konflikti çözmek üçin Minsk prosesini “täzeden ýola goýmagy” wada berdi.

“Biziň ilkinji işimiz tussaglarymyzy azat etmek bolar. Oglanlarymyzy, birini-de goýman, öýe getirmek üçin elimden gelenini ederin” diýip, Zelenskiý nygtady.

Poroşenko ýene bir bäş ýyl möhlet bilen häkimiýet başynda galyp, ýurduň problemalaryny çözmek üçin has tejribeli syýasatçylary, diplomatlary işe getirmek baradaky wadalary bilen saýlawçylary yryp bilmedige meňzeýär.

Ol saýlawda ýeňlendigini boýun alyp eden çykyşynda, syýasatda galmagy wada etdi. “Men syýasy rolumda rewanşizme garşy durup, Ukrainanyň öz ugruny üýtgetmezligini üpjün etmek üçin, elimden geleni ederin. Ýöne saýlaw netijeleri bizi näbellilikde, öňünden görüp bolmajak ýagdaýda goýýar, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO ýaranlygyna tarap strategik ugry howpsuz bolup, demokratik reformalaryň dowam edip-etmejekdigini sorag astynda goýýar” diýip, Poroşenko aýtdy.

Ol halkara arkalaşygyny-da “Ukrainanyň soňky gazananlaryny we ýurduň Ýewropa Bileleşigine we NATO ýaranlygyna integrirlenmek baradaky strategik ugruny saklamagy üçin oňa kömek etmäge” çagyrdy.

41 ýaşly wäşi Zelenskiý 31-nji martda ses berişligiň birinji tapgyrynda 39 dalaşgäriň arasynda sesleriň 30 prosentini gazanypdy, Poroşenkonyň alanlary bolsa 16 prosent bolupdy.

Ol 21-nji aprelde Zelenskiý: “Bu gün Ukraina üçin ýeňiş bolar, Ukraina üçin ýeňiş. Biziň birleşen Ukrainamyz bar” diýdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy tarapyndan saýlansa, etjek ilkinji işiniň nämeler boljakdygy soralanda Zelenskiý: “Uruş we korrupsiýa” diýip jogap berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG