Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin, Kim ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşyklarynda “örän manyly” gepleşdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un rus prezidenti Wladimir Putin gepleşiklerden soň resmi kabul edişlige gatnaşýar. Wladiwostok, 25-nji aprel, 2019

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un rus prezidenti Wladimir Putin bilen “örän manyly” gepleşik geçirendigini aýdýar. Bu olaryň ilkinji gezek geçiren ýüzbe-ýüz duşuşygy bolup durýar.

25-nji aprelde, Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky port şäheri Wladiwostokda bolan duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamak ugrundaky gepleşikler şowsuz tamamlanandan soň geçirildi.

"Biz özara gyzyklandyrýan meseleler boýunça örän manyly pikir alyşdyk” diýip, Kim iki sagada golaý dowam eden başa-baş gepleşiklerden soň aýtdy. Ol özleriniň “parahatçylykly düşünişmegiň ýollaryny maslahatlaşandyklaryny” hem sözüne goşdy.

Putin Kim bilen Phenýanyň ýadro programmasy üstündäki gapma-garşylygy nädip aradan aýryp boljagy hakynda pikir alşandygyny we “düýpli maslahat” edendigini aýtdy.

Iki lider bu sözleri başa-baş duşuşyklary tamamlanyp, iki tarapyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen giňiş düzümdäki gepleşige başlanlarynda aýtdy.

Putin we Kim 25-nji apreldeilki Uzak Gündogaryň Rus adasyndaky döwlet uniwersitetiniň daş işiginde, Wladiwastokdan gelýän köpriniň aňry tarapynda görşüp, soňra konferensiýa otagyna baryp, kameralaryň öňünde hal-ahwal soraşdy.

Putin Kimiň saparynyň Koreýa ýarymadasynda oňşuklylyk gazanmaga, bu işde bilelikde näme edip boljagyna, häzirki oňyn öňegidişlige goldaw bermek üçin Orsýetiň näme edip biljegine gowy düşünmäge kömek etmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Biz siziň Koreýalaryň arasynda dialogy ýola goýmak we Demirgazyk Koreýa-ABŞ gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak tagallalaryňyzy gep-gürrüňsiz gutlaýarys” diýip, Putin aýtdy.

Bu şähere bir gün öň otly bilen gelen Kim Putine bu duşuşygyň Orsýet bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Moskwa bilen Phenýanyň arasynda öňden gelýän ýakyn gatnaşyk bar, ýogsa bu gatnaşyklar 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Orsýetiň berýän maliýe kömekleri kesilenden soň sowaman hem durmady.

Soňky ýyllarda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar biraz ýygjamlaşdy, ýogsam bolmasa Moskwa umuman Phenýanyň esasy ýarany bolan Hytaýa kän täsir ýetirip bilmeýär.

Orsýet köplenç Birleşen Ştatlaryň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň dartgynlyklary ýokarlandyrjak ýa Phenýýany öjükdirjek ädimlerden saklanmak baradaky çagyryşlaryna goşulyp, Demirgazyk Koreýanyň edýän hereketlerini tankytlamaga goşulýar.

Orsýet 2017-nji ýylda Phenýana garşy girizilen sanksiýalaryň artdyrylmagyna garşylygyny bildirdi we, Phenýan altynjy ýadro bombasyny synag edeninden soň, halkara jemgyýetçilgini, öz sözleri bilen aýdylanda, “harby çarbaýlykda” aýyplap, ýazgaryp çykyş etdi.

Kimiň kakasy, merhum Kim Jong Il Putin bilen 2001-nji ýylda Moskwada, 2002-nji ýylda Wladiwostokda duşuşdy. Ol 2011-nji ýylda hem Moskwa sapar etdi we şol wagtky prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.

Kim Jong Un Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandan Wladiwostoga çenli 700 kilometre golaý ýoly bronlanan hususy otlusynda geçdi, onuň bilen hökümet delegasiýasynyň wekilleri, ýaragly güýçleriň resmileri hem geldi.

Bu duşuşyk Kim we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň iýunynda we 2019-njy ýylyň fewralynda geçirilen iki sammitde ýadro ýaraglaryndan saplanmak hakynda ylalaşyga gelip bilmänden soň geçirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG