Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, Putine Trampdan has köp ynam bildirilýär


ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri.
ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri.

Prezident Donald Trampyň öz ýaranlaryny tankytlap, duşmanlaryny taryplamagy netijesinde Birleşen Ştatlaryň abraýy tutuş dünýäde üstümizdäki ýyl-da aşaklamagy dowam etdirdi. Global derejede geçirilen pikir soralyşygyň görkezmegine görä, köp ýurtlarda adamlaryň diňe Germaniýanyň we Fransiýanyň däl, eýsem Orsýetiň we Hytaýyň-da liderlerine ynam bildirmegi Trampa bolan ynamdan ýokary.

“Pew barlag merkezi” tarapyndan 25 ýurtda 26 müňden agdyk adam bilen geçirilip, 1-nji oktýabrda ile ýetirilen pikir soraşlygyň görkezmegine görä, Trampyň dünýä bilen baglanyşykly meselelerde dogry işi edýändigine ynanýanlaryň sany diňe 27 prosent. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ynam bildirýänler bolsa 30, Hytaýň prezidenti Şi Jinpinge ynanýandyklaryny aýdanlaryň sany 34 prosent.

Ýöne Pew barlag merkezi pikir soraşlyk geçirilen 25 ýurtda, tutuşlygyna alanyňda, Birleşen Ştatlara oňaýly garaýanlar ortaça hasap bilen 50 prosent diýýär. Oňaýsyz garaýanlar 43 prosent. Pikiri soralanlaryň 63 prosenti hem Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda dünýäniň ýagdaýynyň gowy bolandygyny belläpdir. Bu barada Hytaýy ileri tutýandygyny aýdanlar diňe 19 prosent.

Barlagda gelnen netijeler boýunça dünýä liderleriniň arasynda has ýokary ynam bildirilýän ýolbaşçy, 52 prosent bilen, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. Oňa bil baglaýanlaryň sany Trampyňkydan tas iki esse ýokary.

2017-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipe başyna gelen Tramp Birleşen Ştatlary Pariž klimat ylalaşygy we Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek baradaky geleşik ýaly halkara programmalaryndan çykaryp, awtoritar liderler, şol sanda Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen gatnaşyk açdy. Tramp şol bir wagtda-da goňşy Kanada we Meksikany, şeýle hem Germaniýany we beýleki NATO ýaranlaryny berk tankytlady.

Tramp iýun aýynda Dünýäniň güýçli ýedi döwletiniň Kanadada geçen sammitinden soň bilelikde çykarylan beýannama gol çekmekden boýun gaçyryp, Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeauny “dogruçyl däl, gowşak” diýip atlandyrdy. Germaniýany söwda artykmaçlygy, goranyş çykdajylary we Orsýetiň tebigy gazana bil baglaýanlygy üçin öwran-öwran tankyt astyna aldy.

Birleşen Milletler Guramssynyň Baş Assembleýasynda eden çykyşynda Tramp prezidentlik möhletiniň häzirki çäginde öz gazananlarynyň Amerikan hökümetleriniň tutuş taryhda gazananlaryndan ýokarydygyny aýdanda oturanlar, şol sanda dünýä liderleri gygryşyp gülüşdiler.

Pikir soraşlyk Trampyň iş başyna gelen ilkinji ýylynda çagşap ugran Amerikan abraýynyň 2018-nji ýylda-da köp ýurtlarda, aýratyn-da Ýewropada ýaramazlaşmagy dowam etdirendigini görkezýär.

Häzir Germaniýada Birleşen Ştatlara oňaýly garaýanlaryň sany 30 prosent, ýagny öňküden bäş prosent aşak. Bu bolsa Orsýeti hasaba almasaň, nemesleriň beýleki ýurtlara berýän bahasynyň iň pesidir. Orsýete oňaýly garaýanlar 26 prosent.

Fransuzlaryň 38 prosenti bilen kanadalylary 39 prosenti özleriniň Birleşen Ştatlara oňaýly garaýandyklaryny aýdypdyr. Bu sanlaryň ikisi-de öten ýylkydan aşak. Meksikada bolsa 32 prosent.

Birleşen Ştatlara has oňýaly baha berýän ýurtlar Ysraýyl, Filippin we Günorta Koreýadan ybarat. Bularyň hemmesi 80 prosent ýa ondan hem ýokary.

Pikiri soralan ispanlaryň 7, fransuzlaryň 9, nemesleriň 10 prosenti özleriniň Trampyň ýolbaşçylygyna ynanýandyklaryny aýtdylar. Ýöne barlag geçirilen 25 ýurduň ýigrimisinde ilatyň köplügi Trampa ynam bildirmeýändiklerini aýdýarlar.

25 ýurduň arasynda 19 ýurduň saldamly köplüginiň pikiriçe Birleşen Ştatlar halkara siýasatyny gurnanda olaryň bähbitlerine üns bermändir.

Barlag pikiri soralan ýurtlaryň her birinde 900-den agdyk adam bilen geçirilen söhbetdeşligiň esasynda maý bilen awgust aýlarynyň aralygynda alnyp barlypdyr.

XS
SM
MD
LG